Saglygy goraýyş we halas ediş işgärleriniň maglumatyna görä, Ysraýylyň uran howa zarbasy gündogar Baalbek şäherindäki raýat goranyş merkeziniň içinde azyndan 12 liwanlyny, halas ediş işgärlerini öldürdi.
Siriýanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty şondan birnäçe sagat soň Ysraýylyň paýtagta we onuň töweregine uran zarbalarynyň azyndan 15 adamy öldürendigini aýtdy.
Liwanyň gyssagly kömek işgärleri 14-nji noýabr agşamy harabalyklary gazyp, weýran edilen halas ediş merkeziniň aşagynda galan kärdeşlerini gözlemegi dowam etdirdiler diýip, toparyň çap eden beýanatynda aýdylýar. Raýat goranyş merkeziniň azyndan üç agzasy ýaralandy.
Ysraýyl goşuny bu aýdylýanlar barada bada-bat düşündiriş bermedi. Saglyk ministrligi muny "Liwanyň döwlet eýeçiligindäki saglyk merkezine edilen wagşy hüjüm" hökmünde ýazgardy.
Ysraýyl biraz öň Damaskyň günbatar Mazzeh etrabyna we Siriýanyň paýtagtynyň etegindäki Kudsaýa azyndan iki howa zarbasyny urup, azyndan 15 adamyň ölmegine, 16 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, Siriýanyň döwlet eýeçiligindäki habar gullugy aýtdy.