Ysraýylyň harby güýçleri 21-nji noýabr güni irden, goşunyň bu territoriýanyň demirgazyk çägindäki çärelerini güýçlendirmeginiň arasynda, demirgazyk Gazada azyndan bäş sany köp adamly jaýy bombalady. Palestinanyň saglyk resmileri köp adamyň harabalygyň aşagynda galandygyny aýtdylar.
Demirgazyk Gazanyň Beýt Lahiýa şäherindäki halas ediş işleri dowam etdirilýär diýip, saglyk resmileri aýtdy. ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamasa degişli habar serişdeleri ölenleriň sanynyň 66-a ýetendigini we olaryň köpüsiniň tapylmandygyny öňe sürdi.
Ysraýyl goşuny bu aýdylýanlar barada hiç bir düşündiriş bermedi. Beýt Lahiýada we golaýdaky Jabaliýada, Beýt Hanunda geçen aýyň başyndan bäri hereket edýän goşun Hamas söweşijileriniň gaýtadan toparlanmagynyň we hüjüm etmeginiň öňüni almagy maksat edinýändigini aýdýar.