Hezbollah öz lideri Nasrallahyň Ysraýylyň zarbalarynda öldürilendigini tassyklady

Bir adamyň telefonunyň ýüzünde Hezbollah toparynyň baş sekretary Hassan Nashrallahyň suraty

Eýran bilen ilteşikli jeňçi topar Hezbollah beýanat ýaýradyp, özüniň lideri Hassan Nasrallahyň öldürilendigini tassyklady. Munuň bilen, ABŞ tarapyndan terroçy gurama hökmünde ykar edilen Hezballah ysraýyl harbylarynyň Nasrallahyň zarbalaryň netijesinde öldürilendigi baradaky öňe sürmesini tassyklady.

“Saýýed Hassan Nasrallah, Hezbollahyň baş sekretary özüniň 30 ýyl ýolbaşçylyk eden beýik, baky şehit egindeşleriniň hataryna goşuldy” diýip, Hezbollah 28-nji sentýabrda beýanat ýaýraty.

Hezbollah öz lideriniň ölümine garamazdan, Ysraýyla garşy göreşini dowam etdirmäge söz berdi.

Biraz öň, 28-nji sentýabrda Ysraýylyň armiýasy mundan bir gün öň Beýruta uran zarbasynda Hezbollah jeňçi toparynyň lideri Hassan Nasrallahy öldürendigini öňe sürüpdi.

Ysraýyl armiýasynyň arapça sözçüsi Awiçaý Adraeeniň X sosial ulgamynda ýerleşdiren maglumatyna görä, Nasrallah, Hezbollahyň günorta frontunyň serkerdesi Ali Karki we toparyň ýene-de başga komandirleri öldürilipdir.

Mundan başga-da, Ysraýylyň Goranyş güýçleri X sosial ulgamynda ýerleşdiren maglumatynda, “Hassan Nasrallahyň mundan beýläk dünýäni terror edip bilmejekdigini” nygtady.

28-nji sentýabrda irden Ysraýyl Hezbollah toparynyň Beýrutyň günortasyndaky we Liwanyň gündogarynda ýerleşýän Bekaa Jülgesindäki nyşanalary diýip, bu sebitlere garşy ýene zarbalary urdy. Mundan bir gün öň, Ysraýyl harbylary Beýrutyň ilatly nokadynyň aşagyndaky Hezbollahyň “merkezi edarasyna” giň gerimli zarbalary amala aşyrandygyny aýdyp, Nasrallahyň adyny resmi taýdan agzamandy.