Ysraýylyň Waşingtondaky ilçisi Ysraýyl bilen düýbi Liwanda ýerleşýän Hezbulla söweşiji toparynyň arasynda atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň “birnäçe gün içinde” gazanylmagynyň mümkindigini aýtdy.
Hezbullah ABŞ tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen topar bolup, onuň harby ganaty Ýewropa Bileleşigi tarapyndan gara sanawa girizildi.
Ilçi Maýk Herzog 25-nji noýabrda Ysraýylyň goşun radiosyna bu meselede çözülmeli birnäçe meseläniň galandygyny aýtdy we islendik şertnamanyň hökümet bilen ylalaşylmagyny talap edýändigini sözüne goşdy. Ýöne ol "biz ylalaşyga ýakyn" diýdi.