Gazada 6 zamunyň jesedi tapylandan soň, ysraýyllylar atyşyklaryň bes edilmegini talap edip proteste çykdylar

Hepde soňundaky protestler Gazada alty zamunyň jesedi tapylandan soň tutaşdy.

1-nji sentýabrda onlarça müň ysraýylly köçelere çykyp, premýer-ministr Benýamin Netanýahudan, galan zamunlaryň öýlerine dolanmagyny gazanmak üçin, Hamas topary bilen ok atyşyklaryň bes edilmegini gazanmaga çagyrdylar. ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Hamas toparyny terroristiki gurama hökmünde ykrar edýär.

Hepde soňundaky protestler Gazada alty zamunyň jesedi tapylandan soň tutaşdy. Gamly we gaharly protestçiler “Häzir! Häzir!” diýen şygarlary gygyrdylar.

Bu protestleriň, görnüşinden, 11 aýlyk urşuň dowamyndaky iň iri şeýle demonstrasiýalaryň biri bolandygyna çalym edýär. Protestçileriň munuň öwrülişik pursady boljakdygyna ynanýandyklaryny aýtsalar-da, ýurt juda bölünen ýagdaýda bolmagynda galýar.

Maglumata görä, öli tapylan alty zamunyň üçüsi, şol sanda Ysraýyl-Amerikan goşa raýatlygynyň eýesi, ok atyşyklary togtatmak boýunça iýuldaky gepleşikleriň netijesinde, munuň birinji tapgyrynyň çäginde azat edilmeli ekenler.