Ysraýyl we Hizballah zarba çalşygyndan soň, yza çekilene meňzeýär

25-nji awgustda Ysraýylyň güýçleri Hizballahyň atan dronuny urdy.

25-nji awgustda Ysraýyl we Hizballah birek-biregina garşy köp sanly raketalary atdylar. Emma şol bir wagtda, ýagdaýlary dartgynlaşdyrmak islemeýändiklerini ýaňzytdylar. Bu regionda has uly urşuň turmak howatyrlary arasynda bolup geçýär. Hizballah ABŞ tarapyndan terrrostiki topar hökmünde ykrar edilendir.

Ysraýyl Hizballahyň hüjüm etmek planlary baradaky aňtaw maglumatlaryny edineninden soň, Eýran tarapyndan goldanylýan toparyň Liwanyň günortasyndaky nyşanalaryna garşy deslapky howa zarbalaryny urandygyny aýtdy. Bu geçen oktýabrda Gazada uruş başlanaly bäri, iň iri çaknyşyklaryň biri boldy.

Hizballahyň lideri Hassan Nasrallah Liwanyň serhetlerinden, “Ysraýylyň esasy harby aňtaw bazasy” diýip häsiýetlendiren, Tel-Awiwiň golaýyndaky “Glilot berkitmesine zarba urlandygyny” aýtdy. Ol Ysraýylyň özleriniň hüjüminden 30 minut çemesi öň zarba urandygyny hem belledi.