Ysraýyl ok atyşyklary bes etmek çagyryşlaryny ret etdi

Ysraýylyň Liwanyň günortasyna uran zarbalary

Ysraýyl ýaranlaryň Liwanda 21 günüň dowamynda ok atyşyklary bes etmek baradaky çagyryşlaryny ret etdi, şeýle-de ABŞ tarapyndan terrorçy topar hökmünde ykrar edilen Hezbellohaha garşy söweşini “ýeňişe çenli” dowam etdirjekdigini söz berdi. Bu 27-nji sentýabrda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň BMG-niň Baş assambleýasynda etmeli çykyşynyň öň ýanynda mälim edildi.

Şu hepde Ysraýylyň Liwanda Hezbollahyň berkitmelerine uran zarbalarynda ýüzlerçe adam öldi, topar hem raketalary atyp jogap berdi.

25-nji sentýabrda Birleşen Ştatlar, Fransiýa we beýleki ýaranlar 21 günlük ok atyşyklary bes etmek barada çagyryş etdiler.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 26-njy sentýabrda Nýu-Ýorkda Ysraýylyň strategiki ministri bilen duşuşyp, ok atyşyklary bes etmegiň “serhetdäki iki tarapyň hem parahat ilatyna öýlerine dolanmaga mümkinçilik berjekdigini” aýtdy.

Emma 26-njy sentýabrda Netanýahu ok atyşyklary bes etmek planyny ret etdi we harbylara “bar güýjünde söweşmegini” dowam etdirmäge görkezme berdi.