Ysraýyl Liwana garşy täze zarbalary urdy

14-nji oktýabrda Ysraýyyň Liwanyň demigazygyndaky Aito obasyna uran zarbasy

15-nji oktýabrda Ysraýyl Liwanyň gündogarynda Hezbollah toparyna garşy täze zarbalary urdy. Bu premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň Eýran tarapyndan goldanylýan topara rehimiň bolmajakdygy baradaky wadasyndan soň amal edildi.

Ysraýylyň Liwanyň Bekaa jülgesine uran ençeme zarbasynda Baalbek şäherindäki bir keselhananyň işi togtady diýip, Liwanyň resmi Milli Habar Agentligi mälim etdi.

Bu zarbalar Netanýahunyň Hezbollahyň 13-nji oktýabrdaky dron hüjümlerine rehimsiz jogabyň beriljekdigi baradaky sözünden soň atyldy. Hezbollahyň Ysraýylyň merkezine uran dron zarbasynda ysraýylyň dört esgeri heläk bolupdy.

Netanýahu ölen esgerleriň gulluk geçen harby bazasyna saparynyň dowamynda eden çykyşynda, Ysraýylyň topara garşy zarbalaryny “rehim görkezmän, Liwanyň ähli ýerinde – şol sanda Beýrutda” hem dowam etdirjekdigini aýtdy.

ABŞ Liwanyň günortasyndaky aglaba ýerlere gözegçilik edýän hem topar, hem-de syýasy partiýa bolan Hezbollahy terrorçy gurama hökmünde ykrar edýär. Ýewropa Bileleşigi toparyň harby ganatyny özüniň gara sanawyna goşdy, ýöne onuň Liwanyň parlamentinde orunlary eýeleýän syýasy bölümine garşy gadagançylyk girizmedi.

Hezbollahyň Ysraýylyň Binýamina şäherindäki harby bazasyna uran zarbasy geçen ýylyň oktýabryndan bäri Ysraýyla garşy amala aşyrylan iň ganly hüjüm boldy. Ysraýylyň howa hüjüminden goranyş ulgamlary Hezbollahyň atan dronlarynyň “toplumyny” ýüze çykarmakda we olary ýok etmekde kynçylyk çekdi.

Adatça, Ysraýylyň döwrebap howa hüjüminden goranyş ulgamlary Hezbollahyň atan raketalaryny meselesiz ýok edýärdi.

Hezbollahyň adam pidaly zarbalaryndan soň, Ysraýylyň 14-nji oktýabrda Liwanyň demirgazyk sebitlerine uran howa zarbalarynda azyndan 21 adam öldi. Mundan başga-da, Ysraýyl Liwanyň günortasyndaky 25 obanyň ýaşaýjylaryna sebitden ewakuasiýa bolmaga görkezme berdi.

Şol bir wagtda, Netanýahunyň edarasy 15-nji oktýabrda beýanat ýaýradyp, şu aýyň başynda Eýranyň amala aşyran giň gerimli raketa hüjümine jogap bermek çärelerinde, özüniň ýakyn ýarany ABŞ-nyň pozisiýany nazarda tutjakdygyny, ýöne bu ýagdaýda öz ýurdunyň “milli bähbitleriniň” ileri tutuljakdygyny belledi.

“Biz Birleşen Ştatlaryň pikirlerini diňläris, ýöne soňky kararlary öý milli bähbitlerimize laýyklykda kesgitläris” diýip, Netanýahunyň edarasynyň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Ysraýylyň Tähranyň 1-nji oktýabrdaky zarbasyna jogap hökmünde, göni Eýranyň özüne zarba urmaga taýýarlyk görýändigi baradaky yşaratlar, sebitde has uly regional urşuň turmak howatyrlaryny artdyrdy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Netanýahua, dartgynlylyklary mundan beýläk-de ýitileşdirmezlik üçin, Eýranyň ýadro ýa-da nebit desgalaryna garşy urgy urmazlyk barada duýdurdy.

13-nji oktýabrda Baýden, Birleşen Ştatlaryň özüniň ýaranyny goramak tagallalarynyň çäginde, Ysraýyla howa hüjümine garşy THAAD battareýasyny we esgerlerini ýollamak barada görkezme berendigini mälim etdi.