10-njy oktýabrda Ysraýylyň harbylary Eýran tarapyndan goldanylýan Hezbollah toparynyň ýene bir ýokary derejeli agzasynyň ýok edilendigini aýtdylar.
Hezbollahyň “Golan Terrorçy Tory” bölüminiň agzasy Adham Jahout Siriýanyň Kuneýtra sebitine amala aşyrylan zarbada öldürildi diýip, Ysraýylyň Goranmak Güýçleri habar berdi.
Maglumatda Jahoutyň Siriýanyň režimindäki çeşmelerinden edinen aňtaw maglumatlaryny Hezbollaha geçirendigi we Golan Belentliklerinde Ysraýyla garşy operasiýalary ilerledendigi aýdylýar.
Ysraýyl 1967-nji ýyldaky Ýakyn Gündogardaky urşuň dowamynda Siriýanyň Golan Belentliklerini basyp alypdy. Bu anneksiýa dünýäniň köp döwleti tarapyndan ykrar edilmedi.
Ysraýylyň harbylary 10-njy oktýabrda ýene bir beýanat ýaýradyp, onda Liwanyň günortasynda Hezbollahyň iki serkerdesiniň ýok edilendigini aýtdy, şeýle-de özüniň söweş uçarlarynyň Beýrutdaky we Liwanyň günortasyndaky ok-däri ammalaryna zarba urandygyny mälim etdi.
ABŞ Liwanyň günortasyndaky aglaba ýerlere gözegçilik edýän hem topar, hem-de syýasy partiýa bolan Hezbollahy terrorçy gurama hökmünde ykrar edýär. Ýewropa Bileleşigi toparyň harby ganatyny özüniň gara sanawyna goşdy, ýöne onuň Liwanyň parlamentinde orunlary eýeleýän syýasy bölümine garşy gadagançylyk girizmedi.
Bu aralykda, Ysraýylyň esasy ýarany Birleşen Ştatlar Liwanda Gazadaky giň gerimli weýrançylyklara getiren meňzeş zarbalary urmak barada duýduryş berdi. Ysraýyl mundan bir ýyl ozal Hamasyň 1 müň 100 adamyň ölümine getiren hüjümine jogap edip, Gaza zarbalary urup başlady. ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Hamasy terrorçy gurama hökmünde ykrar edýärler.
Palestin resmileriniň sözlerine görä, soňky günlerde Ysraýylyň Gazanyň merkezi we demirgazyk sebitlerine uran zarbalary sebäpli onlarça adam heläk bolupdyr we müňlerçe ýaşaýjy öýlerinde gabalypdyr.
“Liwanda Gaza çalym edýän we Gazadaky netijeleri döreden hiç hili harby çäre bolmaly däldir” diýip, 9-njy oktýabrda Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mattýu Miller žurnalistlere aýtdy.
Bu baradaky duýduryş, 9-njy oktýabrda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň arasynda geçen telefon söhbetdeşliginden soň edildi. Baýden serhediň iki tarapy boýunça-da, hem liwanly, hem-de ysraýylly ýaşaýjylaryň öz öýlerine dolanmagy üçin diplomatiki ylalaşygyň zerurdygyny nygtady.
Mundan başga-da, Baýden 1-nji oktýabrda Eýranyň Ysraýyla garşy amala aşyran ganatly raketa hüjümini ýazgardy diýip, Ak Tamyň beýanatynda aýdylýar.
“Baýden Ysraýylyň öz ýaşaýjylaryny, diňe geçen ýylyň dowamynda Ysraýyla garşy müňlerçe raketa atan Hezbollahdan goramak hukugyny tassyklady, şol bir wagtda-da esasan hem Beýrutyň köp ilatly sebitlerinde asuda ilata zyýanyň azaldylmalydygy baradaky zerurlygy nygtady” diýip, beýanatda bellenilýär.
Mundan öň, Baýden Netanýahu bilen Ysraýylyň Eýranyň geçen hepde amala aşyran raketa hüjümine jogap planlary barada hem gürrüň etdi. Bu barada hem Ak Tam, hem-de Ysraýylyň premýer-ministriniň edarasy 9-njy oktýabrda habar berdiler.
Ak Tamyň beýanatyna görä, Baýden we Netanýahu “öňümizdäki günleriň dowamynda gönümel ýagdaýda we milli howpsuzlyk toparlarynyň üsti bilen ýakyn kontaktda bolmak barada ylalaşypdyrlar”.
Bu Ysraýyl bilen Hezbollahyň arasyndaky dartgynlylyklaryň juda ýitileşýän döwründe bolup geçýär.
Ýakyn Gündogar Ysraýylyň Eýranyň aglaba şowsuz geçen raketa hüjümine berjek jogabyna garaşýar. Tähran bu hüjümi Ysraýylyň Liwandaky çärelerine, şol sanda Hezbollahyň lideri Hassan Nasrallahyň öldürilmegine jogap hökmünde edendigini aýtdy.
Geçen hepde Baýden Ysraýylyň Tährandan ar almagynyň çäginde, Eýranyň ýadro sebitlerine zarba urmak planlaryny goldamajakdygyny aýtdy. Şeýle-de ol, eger-de Ysraýylyň ýerinde bolan bolsa, onda Eýranyň nebit ýataklaryna zarba urmak ýaly başga çäreler barada oýlanjakdygyny belledi.
Ysraýyla ABŞ we onuň beýleki ýaranlary tarapyndan Gazada we Liwanda ok atyşyklary bes etmek baradaky ylalaşygy kabul etmek barada çagyryş edilse-de, ol ysraýyllylar howpsuz ýagdaýda bolýança, harby operasiýalaryny dowam etdirjekdigini aýtdy.