7-nji oktýabrda Ysraýyl Hamas toparynyň ýewreý döwletine eden hüjüminiň ýyl dönümini hatyralaýar. Şol hüjümde 1 müň 200-den hem aşa adam öldürildi we 250-ä golaýy zamun alyndy. Bu aralykda, Ysraýyl Eýranyň ýarany Hezbollah jeňçi toparyny ýok etmek tagallalarynyň çäginde, Beýruta giň gerimli howa zarbalaryny urmagyny dowam etdirýär we Liwanyň günortasynda gury-ýer operasiýasyny alyp barýar.
Ysraýylyň prezidenti Isaak Herzog sagat 6:29-da başlanan ümsümlik pursadyna ýolbaşçylyk etdi. Mundan bir ýyl ozal, hut şu sagatda Hamas jeňçileri Kibbutz Reim sebitinde geçen sazly festiwaldaky, esasan ýaşlardan toplanan ýüzlerçe adama garşy hüjüme başlap, olary öldürdi. ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Hamas toparyny terrorçy gurama hökmünde ykrar edýär.
Ysraýylyň harbylarynyň maglumatyna görä, Herzogyň ýolbaşçylygyndaky çäräniň dowamynda Gaza tarapyndan birnäçe raketa atylyp, olar hut geçen ýyl hüjüm edilen sebitleri nyşana alypdyr. Harbylar çäräniň bökdençsiz geçendigini bellediler.
Hamasyň ýesirliginde galýan 100-e golaý zamunyň garyndaşlary Ierusalemde Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň rezidensiýasynyň daşynda ýygnanyp, dymyşlykda durdular. Olar munuň bilen, hökümetiň öz ýakynlaryny zamunlykdan boşatmak boýunça ýeterlik tagalla etmeýändigini aýdyp, bu ýagdaýlara protest bildirdiler.
7-nji oktýabrdaky hüjümden soňra, Ysraýylyň Gazada başladan harby operasiýasynda 42 müňe golaý palestinaly heläk boldy diýip, Hamas tarapyndan dolandyrylýan Gazanyň Saglyk ministrligi mälim etdi.
Ysraýylyň harbylarynyň 7-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, soňky bir ýylyň dowamynda Gazada 40 müňden hem aşa nyşana zarba urlupdyr, 4 müň 700 sany ýerasty geçelge tapylypdyr we 1 müňe golaý raketa atylýan sebit ýok edilipdir.
Gazadaky konfliktiň häzirem dowam etmegi bilen, Ysraýyl Liwanyň günortasynda Hezbollaha garşy ikinji söweş frontuny açdy. ABŞ Hezbollahy terrorçy gurama hökmünde ykrar edýär.
7-nji oktýabrda Hezbollah Ysraýylyň demirgazygyndaky Haifa we Tiberias şäherlerine raketalary atdy diýip, Ysraýylyň polisiýasy habar berdi, şeýle-de hüjümde weýrançylygyň dörändigini we käbir ýaşaýjylaryň kiçi şikes alandygyny sözüne goşdy.
Ýewropa Bileleşigi Hezbollah toparynyň harby ganatyny özüniň gara sanawyna goşdy, ýöne onuň Liwanyň parlamentinde orunlary eýeleýän syýasy bölümine garşy gadagançylyk girizmedi.
Soňky hepdeleriň dowamynda, Ysraýyl Hezbollahyň mümkinçiliklerini we ýolbaşçylaryny aradan aýyrmak maksady bilen, Beýrutyň günorta sebitlerine howa zarbalaryny urýar we Liwanyň günortasynda gury-ýer operasiýasyny alyp barýar.
Ysraýylyň Hezbollaha garşy alyp barýan kampaniýasynyň netijesinde, bu topara agalyk edýän Eýran muňa jogap hökmünde, ýewreý döwletine garşy giň gerimli raketa hüjümini amala aşyrdy. Raketalaryň aglabasy Ysraýylyň howa hüjüminden goranyş ulgamlary arkaly urlyp, ýurda uly zyýan ýetirmese-de, bu sebitde has uly regional konfliktiň döremek howatyrlaryny artdyrdy.
6-njy oktýabrda Ysraýylyň goranmak ministri Ýoaw Gallant çykyş edip, eger-de Tähran Ysraýyla zyýan ýetirmegini dowam etdirse, onda Eýranyň Beýrutyň ýa-da Gazanyň ýagdaýyna düşüp biljekdigini duýdurdy.
“Eýranlylar howa güýçleriniň mümkinçiliklerine batyrnyp bilmediler. Hiç bir uçara zeper ýetmedi, hiç bir eskadron hatardan çykarylmady” diýip, Gallant belledi. Eýranyň raketa hüjümi iki harby howa bazasyna sähel zeper ýetiripdi we kiçi şikeslere sebäp bolupdy.
“Eger kimde-kim bize zyýan ýetirmek üçin edilen sähel bir synanyşyk bilen, bizi çäre görmekden yza tesdirer diýip oýlaýan bolsa, goý Gazadaky we Beýrutdaky [Ysraýylyň operasiýalaryna] nazar aýlasyn” diýip, Gallant sözüne goşdy.
Mundan öň, Ysraýyl Eýran tarapyndan goldanylýan Hezbollahyň “ýarag ammar desgalaryna” we infrastrukturasyna garşy “takyk nyşan urgularyny” amala aşyrandygyny mälim etdi.
Liwanyň resmi telewideniýesi sebitdäki Hezbollahyň berkitmesine 30-dan hem aşa zarbanyň urlandygyny habar berdi. Hüjümde ýag-ýangyç stansiýasyna we däri-derman ammaryna zeper ýetdi.
Paýlaşylýan wideo ýazgylarda hüjümiň netijesinde dörän uly ot ýalynlarynyň we goýy tüssäniň gijeki asmana galyşyny görse bolýar. Partlamalaryň güýçli sesleriniň arasynda, sebitiň ýaşaýjylary aljyraňňy ýagdaýda öýlerinden gaçyp çykdylar.
Synçylaryň köpüsi munuň Ysraýylyň soňky howa zarbalarynyň iň güýçlüsi bolandygyny nygtaýarlar.
Ysraýylyň ençeme günüň dowamynda Beýrutyň eteklerine zarba urmagy netijesinde, Hezbollahyň lideri Saýýed Hassan Nasrallah heläk boldy, şeýle-de onuň mümkin mirasdüşeri Haşem Safieddineniň hem öldürilen bolmagynyň mümkindigi aýdylýar.
Howpsuzlyk güýçleri Safieddinen bilen, Ysraýylyň 4-nji oktýabrda Beýrutyň halkara aeroportunyň golaýyndaky bir sebitde, ony nyşana alyp, uran zarbasyndan bäri habarlaşyp bolmaýandygyny aýdýarlar. Hezbollah Safieddine barada beýanat bilen çykyş etmedi.
Ysraýyl Nasrallahyň 27-nji sentýabrda toparyň Beýrutdaky baş edarasyna uran zarbasynyň dowamynda öldürilendigini aýdýar.
6-njy oktýabrda Tel-Awiwiň ýakyn ýarany Birleşen Ştatlar Ysraýyyň harby hereketleriniň gerimi babatynda käbir lapykeçlikleri beýan etdi.
“Harby basyş käwagt diplomatiýa üçin mümkinçilik döredip biler. Elbetde, harby basyş ýalňyş hasaplara hem sebäp bolup biler. Bu islenilmedik netijelere hem getirip biler” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili beýanat bilen çykyş etdi.
Sözçi Waşingtonyň Ysraýylyň ekstremistiki elementler babatyndaky çärelerini goldaýandygyny, ýöne Birleşen Ştatlaryň liderleriniň raýat infrastrukturasynyň nyşana alynmagyny goldamaýandyklaryny hem sözüne goşdy.
Ysraýyl Hezbollaha garşy hüjümler bilen, onlarça müň raýatyň ýurduň demirgazyk sebitlerindäki öýlerine dolanmagyny gazanmak maksat edilýändigini aýdýar.