Ysraýyl Irlandiýanyň iň uly şäheri Dublindäki ilçihanasyny ýapdy. Bu karary Ysraýylyň Daşary işler ministri Gideon Saar yglan etdi.
Onuň sözlerine görä, "Irlandiýanyň anti-semit hereketleri we ritorikasy ýewreý döwletiniň deligitimizasiýasyna we demonizasiýasyna, şeýle-de goşa standartlara esaslanýar."
Saar "Irlandiýanyň Ysraýyl bilen gatnaşyklarynda gyzyl çyzyklaryň ählisinden geçendigini" öňe sürdi.
Irlandiýa maý aýynda Ispaniýa we Norwegiýa bilen bilelikde garaşsyz Palestina döwletini resmi taýdan ykrar edip, Ysraýylyň ýolbaşçylarynyň gaharly reaksiýasyna sebäp boldy.
Irlandiýanyň hökümeti geçen hepde Günorta Afrika respublikasynyň Ysraýyla garşy gozgan kazyýet işine goşuldy.
GAR Ysaýyly Gaza zolagyndaky palestinalylara garşy köpçülikleýin gyrgynçylykda, genosidde aýyplap, Halkara Adalat Kazyýetine şikaýat etdi.
Ýurduň häkimiýetleri şikaýatda döwlet tarapyndan amala aşyrylan genosid düşünjesiniň düşündirişiniň giňeldilmegini hem teklip edýärler.
Ysraýyl bu aýyplamalary düýbünden inkär edýär.
Halkara kazyýeti azyndan birnäçe ýyl dowam etjek şikaýat arzasyny seretmek üçin kabul etdi.