Yslamabat Bannu hüjüminden soň, “Talyban” diplomatyny çagyrdy

Harbylar güman edilýän 10 jeňçiniň ählisiniň ýaraglardan öldürilendigini mälim etdiler.

Yslamabat jeňçileriň Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Bannu ganizonyna eden hüjüminden soň, ýokary derejeli owgan diplomatyny çagyrdy. Bu barada Pakistanyň Daşary işler ministrligi 17-nji iýulda habar berdi.

Pakistanly resmileriň maglumatyna görä, 15-nji iýulda bir jeňçi içi partladyjyly ulag bilen berkitmäniň daşky diwaryna baryp uranda, sekiz esger heläk bolupdyr.

Harbylar güman edilýän 10 jeňçiniň ählisiniň ýaraglardan öldürilendigini mälim etdiler.

Daşary işler ministrligiň beýanatynda “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň owgan ilçihanasynyň ministriniň orunbasarynyň çagyrylyp, oňa berk protest bildirilendigi aýdylýar.

Ministrlik hüjümi Owganystanda ýerleşýän “Hafiz Gul Bahadur” toparynyň amala aşyrandygyny aýtdy, şeýle-de Kabuldan “hüjümi gurnaýjylara garşy dessine täsirli we ygtybarly çäre görmegi” sorady.