“Yslam döwleti” owgan paýtagtyndaky partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne alýar

Kabul. Hazaralaryň köplük bolup ýaşaýan Daşt-e Barçy etraby

"Yslam döwleti" ekstremist topary 12-nji awgustda Owganystanyň paýtagtynda bir gün öň bolan mikroawtobus partlamasynyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Söweşiji topar azyndan bir adamyň ölmegine, 13 çemesi adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümde azlykdaky şaýy jemgyýetini nyşana alyp, partlaýjy enjamy ýarandygyny aýdy.

Polisiýanyň metbugat wekili Halid Zadran 12-nji awgustda Kabulyň günbatarynda bolan bomba partlamasynda bir parahat ýaşaýjynyň ölüp, on bir adamyň ýaralanandygyny tassyk etdi.

Ol bu partlamanyň Daşt-e Barçi etrabynda bolandygyny we polisiýanyň ol ýerde derňew geçirýändigini hem sözüne goşdy.