Ýolötende Remezan aýynyň dowamynda alkogolly içgileriň söwdasy ýatyryldy

Ýolötende spirtli içgileri satýan telekeçileriň ähli alkogolly içgileri ýygnalyp alynýar. (Illýustrasiýa suraty)

Marynyň Ýolöten etrabynda musulmanlaryň mukaddes hasaplaýan Remezan aýynyň dowamynda dükanlarda alkogolly içgileriň söwdasy bir aý möhlet bilen ýatyryldy. Polisiýa işgärleri dükanlara reýd geçirip, söwda tekjelerindäki spirtli içgileri ýygnaýarlar.

Telekeçiler gadagançylyk barada öňünden hiç hili duýduryş edilmändigini we polisiýanyň pursatdan peýdalanyp, para almak çäresini güýçlendirendigini aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji martda sebitden maglumat berdi.

“Polisiýa işgärleri dükanlara aýlanyp, arak, konýak, wino, piwo satýanlary gözleýärler. Spirtli içgileri satýan telekeçileriň ähli alkogolly içgileri ýygnalyp alynýar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli telekeçi anonim şertde gürrüň berdi.

Degişli maglumat Balkanda polisiýa işgärleri çagalaryň ýaremezan aýtmagyna ‘böwet boldy’

Gadagançylyk spirtli içgileri satmaga rugsatnamasy bolan ýa-da bolmadyk ähli telekeçilere degişli. Rugsatnamasy bolan telekeçiler öňünden duýduryş edilmändigini aýdyp, spirtli içgilerini bermekden boýun gaçyrýarlar.

Polisiýa işgärleri bu söwdagärlere düzgün bozandygy barada jerime ýazmak we işlerini kazyýete geçirmek bilen haýbat atýarlar.

“Olar maňa saňa düzgün bozandygyň we Oraza aýynda raýatlara spirtli içgileri aç-açan hödürländigiň barada jerime ýazjak we işiňi kazyýete geçirjek diýdiler. Kazyýete geçse, işiň uzajagyny we has köp zyýan çekjegimi bilip, olar bilen ‘düşünişmäge’, ýagny para bermäge razy boldum” diýip, ýolötenli telekeçi aýtdy.

Şondan soňra polisiýa işgärleri telekeçä 3 müň manadyň, dört çüýşe aragyň, iki çüýşe konýagyň we azyk önümleriniň öwezine spirtli içgileri satmaga rugsat berdiler.

“Polisiýa işgärleri şolary berseň göz ýumaly, ýöne dükanyň tekjelerinden spirtli içgileri doly aýyr diýdiler. Şol bir wagtda, olar spirtli içgileri gara plastik paketlere salyp, gizlin, diňe tanyş-bilişlerime satyp biljekdigimi hem aýtdylar. Nätanyş biri gelse, spirtli içgileri satmaýandygymy aýtmagy hem tabşyrdylar” diýip, telekeçi belledi.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada etrabyň polisiýa bölüminden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanyň “Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakyndaky” kanunynda Remezan aýynda alkogolly içgileriň satuwynyň çäklendirilýändigi ýa-da gadagan edilýändigi barada hiç zat aýdylmaýar.

Degişli maglumat Remezan aýynyň başlanmagy bilen, harytlaryň bahasy 50%-e çenli gymmatlady

Şeýle-de, ýurtda alkogolly önümleriň lomaý we bölek-satuw söwdasynyň düzgünlerini işläp düzýän we tassyklaýan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň websaýtynda hem bu gadagançylyk barada hiç hili maglumat göze ilmeýär.

Ilatynyň aglaba bölegi Yslam dinine uýýan, ýöne dünýewi döwlet bolan Türkmenistanda häkimiýetler alkogolly önümleriň söwdasyna wagtal-wagtal çäklendirmeleri girizýärler.

Hususan-da, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky uly wakalaryň öňüsyrasynda, şeýle-de baýramçylyklaryň dowamynda bu önümleriň söwdasy ýatyrylýar. Häkimiýetler munuň sebäpleri barada aç-açan resmi düşündiriş bermeýärler.

Marydan gelip gowşan maglumatlar, Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçylarynyň Remezan aýynyň öňüsyrasynda onlarça din wekiliniň aýyň dowamynda dükanlarda spirtli içgileriň hem-de doňuz etiniň söwdasynyň bir aý möhlet bilen ýatyrylmagy boýunça ýerli häkimiýetlere arza bilen ýüz tutandyklaryny habar bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Habarçymyz 11-nji martda beren maglumatynda, Marydaky ýagdaýlardan tapawutlylykda, ýerli häkimiýetleriň bu haýyşlary kanagatlandyrmandygyny aýtdy.

Musulmanlaryň mukaddes hasaplaýan Remezan aýynda ýurtda köp adam ir säherden agşam gün batýança agyz bekläp, oraza tutýar we dini ybadatlary amal edýär. Şeýle-de, hojalyklarda agyzaçar agşamlary gurnalyp, raýatlar dogan-garyndaşlaryny, dostlaryny çagyrýarlar. Remezan aýy bu ýyl Türkmenistanda 11-nji martyň säheri bilen başlandy we 9-njy aprel gijesine çenli dowam edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.