Ýolöten etrabyna sarygarynja ýaýraýar

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndan bir pursat. Arhiw suraty. Illýustrasiýa.

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda ilatyň ýaşaýyş jaýlaryny sary garynja, termit basýar. Öýleriniň gapylary we penjireleri termit çozuşlaryndan zyýan çeken ýerli ýaşaýjylar gyş paslynyň öňüsyrasynda mör-möjek çozgunyna garşy çykalga gözleýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji oktýabrda sebitden habar berdi.

“Biz öňler sary garynjalaryň diňe adyny eşiderdik, ýöne asla gabat gelmändik. Häzir bolsa, bu mör-möjekler biziň ýaşaýyş jaýlarymyzyň gapylaryny we penjirelerini iýip gutaryp barýar” diýip, bir etrap ýaşaýjysy aýdýar.

Ýerli ilat köpçülikleýin mör-möjek çozuşlarynyň özlerini aladalandyrýandygyny, gyş pasly gelmänkä, olara garşy özleriniň özbaşdak çözgüt tapmaga çalyşýandyklaryny aýdýarlar. Ýerli resmiler, öý müdirlikleri we häkimlik işgärleri, galyberse-de sanitariýa edarasy etrapda emele gelen ýagdaýa çykalga hödürläp bilmeýärler.

“Öý müdirliginden, häkimlikden we saglyk işgärlerinden sarygarynja çozuşlarynyň öňüni almak üçin ýardam soradyk. Emma hiç ýerden kömek görmedik. Gaýtam, bize agaç gapylarymyzy we penjirelerimizi plastik, alýumin gapylar we penjireler bilen çalyşmagy maslahat berýärler” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Degişli maglumat Mary welaýatynyň bir geňeşliginde ilatyň ýaşaýyş jaýlaryny sarygarynja basýar

Olar ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda gapylary we penjierleri köpçülikleýin çalyşmagyň aňsat däldigini belleýärler.

Etrap ýaşaýjylary termitleriň şäher ýerlerindäki betondan salnan köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna-da aralaşýandygyny aýdýarlar. Olar bu ýagdaýa gaty geň galýandyklaryny belleýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe ýerli ýaşaýjy termitleriň nireden we nähili şertlerde peýda bolandygyna düşünip bilmeýändiklerini aýdýarlar. Käbir adamlar üç ýyl ozal etrabyň etegindäki ýerlerden hojalyklara mellek ýerleriniň paýlanandygyny we şol ýerlerden daşalan gumlar bilen termitleriň Ýolöten şäherine aralaşandygyna ynanýandyklaryny aýdýarlar.

Ýolöten etrabynda birnäçe bilim işgäriniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtmagyna görä, sary garynjalar käbir mekdepleriň gapylaryna we penjirelerine-de ornaşyp başlapdyr.

Mundan ozal, awgustyň ortalarynda Ýolöten etrabynyň Momataý geňeşliginiň ýaşaýjylary obanyň çäginde üç-dört ýyl ozal peýda bolup başlan garynja howpunyň soňky wagtlarda ýaşaýyş jaýlaryna wehim salýandygyny gürrüň berdiler.

Azatlyk Radiosy Mary welaýatynyň çäginde hasaba alynýan termit çozuşlary barada sebit häkimliginden teswir alyp bilmedi. Ýerli häkimiýetler ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan mör-möjek çozuşlary barada resmi beýanat bermeýärler. Döwlet gözegçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we elektron neşirler günorta-gündogar sebitde emele gelen ýagdaýlary agzamaýar.

Hünärmenlere görä, termitleriň käbir görnüşleri gurak howa şertlerinde giňden ýaýraýar we guran agaçlardan iýmitlenýärler. Barlaglara görä, hususan-da, Aral deňziniň guramagy bilen Merkezi Aziýa sebitinde termitleriň birnäçe görnüşi hasaba alnypdyr.

Türkmenistanyň hökümeti şu wagta çenli ýurduň çäginde zyýanly mör-möjekleriň köpçülikleýin peýda bolmagy barada hem-de olara garşy zerur çäreleriň alnyp barylýandygy barada resmi maglumat bermeýär.

Degişli maglumat Oba adamlary ýene goragsyz galdy: çekirtgeler hüjüm edýär, hökümet dymýar

Howanyň üýtgemegi bilen bagly global aladalaryň arasynda, hususan-da, soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurduň çäginde oba hojalyk ekinleriniň çekirtgelerden zyýan çekmegi, ýa-da käbir sebitlerde alakalaryň we syçanlaryň köpelmegi barada ençeme gezek habar berildi.

Türkmenistanda howanyň üýtgemegi bilen bagly ýagdaýlaryň ilatyň gündelik durmuşyna ýetirýän bolmagy mümkin täsirleri barada ylmy barlaglaryň geçirilip-geçirilmeýändigi, ýa-da köpçülikleýin mör-möjek çozuşlary bilen howa şertleriniň üýtgemeginiň arasynda arabaglanyşygyň bolup-bolmandygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

Beýleki käbir Merkezi Aziýa döwletlerinde termitleriň ýaýramagyna garşy, mundan ozal, käbir çynlakaý çäreleriň ýerine ýetirilen pursatlary boldy.

2013-nji ýylda goňşy Özbegistanda giň ýaýran termit çozuşlarynyň arasynda, mör-möjeklere garşy göreşmek üçin ýörite agentlik döredildi.

Şonda özbek häkimiýetleri termit çozuşlarynyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen taryhy Hywa şäheriniň diwarlaryna-da zyýan ýetirendigini aýtdylar. Şeýle-de, termitler şonda goňşy Özbegistanda oba hojalygy pudagyna we aragatnaşyk enjamlaryna-da zyýan ýetirdi.

“Edil häzirki döwürde sary garynjalara, termitlere garşy hiç hili çäre tapylmaýar. Termitler welaýatyň beýleki sebitlerine-de ýaýrap barýar” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.