Balkan welaýatynda edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary ýüzünde Berdimuhamedowlaryň suraty bolan goşar sagatlaryny satyn almaga mejbur edilýärler. Sagatlaryň bahasy 1500-3000 manat aralygynda üýtgeýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu talaplaryň sebitdäki ähli býujet edaralarynyň, şol sanda welaýat we etrap saglygy goraýyş edaralarynyň, bilim bölümleriniň, güýç edaralarynyň, ulag we aragatnaşyk kärhanalarynyň ýolbaşçylaryna degişlidigini habar berýär.
Iri edaralaryň ýolbaşçylary bahasy 3 müň manat bolan goşar sagatlaryny, kiçi-girim býujet edaralarynyň müdirleri bolsa bahasy 1 müň 500 manat bolan goşar sagatlaryny satyn almaga mejbur edilýärler.
“Mekdep we oba saglyk öýleriniň müdirleri 1500 manatlyk sagatlardan, hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylary, keselhanalaryň baş lukmanlary we beýleki iri edaralaryň başlyklary bolsa, 3 müň manatlyk sagatlardan satyn almaly” diýip, bu talaplardan habarly bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Degişli maglumat Pähim-paýhas ummany: Prezidentiň portretlerini, ýylyň şygarlaryny çalyşmak üçin pul toplanýarAzatlyk Radiosyna gelip gowşan suratlarda goşar sagatlarynyň dört görnüşli dizaýnlaryny görmek bolar. Bir sagadyň ýüzünde ata we ogul Berdimuhamedowlaryň ikisiniň hem suratlary ýerleşdirilipdir. Sagadyň ýüzüniň ýokarky böleginiň sag tarapynda gyzyl galstukly Gurbanguly Berdimuhamedow, çep tarapynda bolsa gara galstukly Serdar Berdimuhamedowyň suraty bar. Sagadyň dilleriniň 12:00-y görkezýän ýerinde Türkmenistanyň döwlet baýdagy, 6:00-y görkezýän ýerinde bolsa Türkmenistanyň kartasy ýerleşdirilipdir.
Goşar sagatlarynyň beýleki bir görnüşinde diňe Serdar Berdimuhamedowyň suraty we Türkmenistanyň kartasy ýerleşdirilipdir, ýene bir görnüşinde bolsa, prezidentiň suratynyň gapdalynda döwlet baýdagynyň suraty, sagadyň aşaky böleginde Türkmenistanyň kartasy ýerleşdirilipdir.
Türkmenistanda döwlet ýolbaşçylarynyň şahsyýet kultuny ýokary götermek synanyşyklarynyň çäklerinde, mundan ozal hem, prezidentleriň suratlary sagatlara ýerleşdirilerdi.
Ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda şeýle sagatlar sowgat hökmünde mekdep okuwçylaryna çenli paýlanyp berlerdi.
“Ýüzünde prezidentiň suraty bolan goşar sagatlaryny diňe Nyýazow döwründe görüpdik. Serdar [Berdimuhamedowyň] hem öz suratyny goşar sagatlaryna ýerleşdirmegi geň zat. Döwletiň ilkinji prezidenti [Saparmyrat Nyýazow] ýaly, ähli ýerlere öz heýkelini oturdyp çyksa-da haýran galmaly däl!” diýip, türkmenbaşyly bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
“Onsuz hem, her aýda kitap we beýleki çärelere edilýän çykdajylardan ýaňa, aýlyklarymyzdan artdyryp bilmeýäris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary özleriniň satyn almaga mejbur edilýän goşar sagatlarynyň hiliniň pes bolandygyny aýdýarlar. Şeýle-de, býujet işgärleri Berdimuhamedowlaryň esassyz dabaralandyrylýandygyny aýdýarlar.
“Ýöne öz heýkellerini, suratlaryny ähli ýerlere, şol sanda goşar sagatlaryna ýerleşdirmezden ozal, ‘men şoňa mynasyp boldummy’ diýen soraglary özlerine berip görseler, oňat bolardy! Berdimuhamedowlaryň kitaplarynyň, goşar sagatlarynyň mejbury satylmagy, portretleriň, gazet-žurnallaryň diňe bir maşgalanyň bähbidine satuwa goýulmagy halky talamak bolýar” diýip, türkmenbaşyly býujet işgäri aýtdy.
Degişli maglumat Prezidentiň kitaby eli ýuka adamlary 'agladýar'Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda prezidentiň portretleri täzelenende býujet işgärlerinden yzygiderli görnüşde pul ýygnalýar. Şeýle-de, işgärler Berdimuhamedowlaryň kitaplaryny satyn almaga mejbur edilýärler. Şu wagta çenli Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtorlygynda 70 çemesi, Serdar Berdimuhamedowyň awtorlygynda bolsa iki kitap okyjylara ýetirildi.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan mekdep müdirleriniň birnäçesi özlerine mejbury satylýan sagatlaryň söwdasynyň Berdimuhamedowlaryň ýakyn töweregi tarapyndan dolandyrylýandygyna ynanýandyklaryny gürrüň berdiler.
“Goşar sagatlaryny Hytaýda ýörite ýasadyp getirýärler we halka mejbury satýarlar. MHM edaralarynyň üsti bilen sagat söwdasyna gözegçilik edýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bir mekdep müdirini sitirleýär.
Býujet işgärleri prezidentleriň portretleriniň söwdasynyň hem täsirli telekeçiler tarapyndan dolandyrylýandygyny, belli-belli telekeçileri tarapyndan öndürilýän portretleriň we beýleki propaganda neşirleriniň edara-kärhanalara mejbury satylýandygyny aýdýarlar.
Synçylar şeýle çäreleriň hem Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kultuny dabaralandyrmaga, hem-de olaryň ýakyn töweregindäki işewürleriň girdejilerini artdyrmaga hyzmat edýändigini aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.