Döwlet eýeçiligindäki metbugat ýurduň orta we ýokary hünär okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän dalaşgärleriň giriş synaglarynyň iň gyzgalaňly döwrüni başdan geçirýändigini habar berýär, emma bilimdäki para, hakyky okajak ýaşlaryň öňüne böwet bolýan kynçylyklar, türkmen okuw jaýlarynda okamak isleýänleriň azalmagynyň sebäbi barada hiç zat aýtmaýar. Durmuşyň beýleki ugurlarynyň beýan edilişinde bolşy ýaly, bilim habarlary hem maglumata, anyk sanlara garyp, propaganda baý bolup görünýär.
Öňki onýyllyklarda Türkmenistanda il içinde ‘düşewüntli’ diýilýän hukuk, medisina ugurlaryna okuwa girjek bolmak meýli güýçlendi. Emma metbugat häzir, lukmançylyk bilen bir hatarda, esasan sanly tehnologiýalar, ykdysadyýet, ylym we innowasiýa ugurlarynyň barha köp ileri tutulýan ugurlara öwrülýändigini, şu ýyl ýokary okuw mekdeplerinde 35 sany täze hünär boýunça bilim beriljekdigini habar berýär.
Şunuň bilen baglylykda, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň şu ýyl ilkinji gezek talyp kabul etjekdigi aýdylýar.
Akademiýa tarapyndan hödürlenýän ugurlar atçylyk, weterinar lukmançylygy, weterinar we sanitar ekspertizasy, seýisçilik, atly sport we atly syýahatçylyk, milli at üstündäki oýunlar, sirk sungaty, oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit ýaly hünärleri öz içine alýar.
Ýöne çeşmeler okuw meselesinde kanunda kepillendirilen deňligiň ýokdugyny aýdýarlar. Azatlygyň Lebapdaky habarçysy, şu ýyl öz güýji bilen okuwa girjekleriň köp boljakdygy barada ýaýradylan myş-myşlara garamazdan, para alym-beriminiň dowam edýändigini habar berýär.
Degişli maglumat Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ÝOJ-larynda okamaga ýykgyn edýän ýaşlar köpelýärAşgabatly bir ýaş ene bolsa, 7 ýaşan ogluny paýtagtda gowurak diýilýän rus dilli mekdebe ýerleşdirjek bolanda, 3 müň dollar para sorandyklaryny aýtdy.
Ýokary okuw mekdepleriniň işleriniň esasy ýörelgeleriniň başynda, düzgünnama laýyklykda, bilim aljak raýatlaryň deň hukuga eýe bolmalydygy bellenilýär (özüniň ukyplaryny we zehinini doly amala aşyrmagynda her bir adamyň hukuklarynyň deňligini üpjün etmek). Emma çeşmeler bu diýilýän deňligiň azdygyny öňe sürýärler.
Aşgabatdaky ýokary okuw mekdepleriniň birinde işleýän ýaş mugallymyň aýtmagyna görä, diňe giriş synaglarynda däl, soňky okuw döwründe hem ‘hossarly’ studentleriň beýlekilerden gowy baha alýan wagty az däl.
“Okuwa gowy gatnamaýan, sapaklaryny özleşdirmeýän student synagdan geçirmän ýa pes baha goýup, okamagyny talap etjek bolsaň, ýolbaşçylar gelip, ýüzüňi alýarlar. “Bu çaga pylan ýerden, uzak ýoldan okamaga gelipdir, pul töläp otyr. Beýle pes baha goýmaga utanaňokmy, düzet bahasyny” diýýärler. Ýaş mugallymlar, işini ýitirmezlik üçin, sesini çykaryp bilmeýär” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaş professor aýtdy.
Onuň sözlerine görä, 2007-nji ýyldan soň amala aşyrylan bilim özgertmeleriniň çäginde käbir ilerlemeler bolup, öz güýji bilen okan studentleriň arasynda ýokary bahalar bilen tamamlan okuw jaýlarynda mugallym edilip alnyp galynan ýaş mugallymlaryň köpüsi şu ýagdaýdan nägile bolýar.
“Biz okaýarkak hem şeýledi: arkaly studentler jan edip okaýanlar bilen ýa deň, ýa olardan gowy baha alýardy, bu adalatsyzlyk ýaşlaryň okuwa höwesini gaçyrýar” diýip, pedagog aýtdy.
Bu ýagdaýy anonimlik şertinde gürleşen student enesi hem tassyk etdi.
“Kurator diýilýän mugallymyň ýanyna baryp, ‘stipendiýa hem berlenok, pul töläp okadýarys çagany. ‘Alla bardyr, Adalat bardyr’ diýip, durmuşa höweslendirip ulaltdyk. Emma okuwa gireli bäri bar zada ynamy gaçýar. Öz bahasyny bir goýuň, göwni çökýär, okasy gelenok, yhlasyna urmaň diýdim. ‘Bilmeýänlere, eline kitap almaýanlara menden ýokary baha goýýarlar’ diýýär çagam… Beýtmäň ahyryn’ diýdim. ‘Bolýar, bolýar, öz bahasyny goýarys-a’ diýdiler” diýip, aşgabatly student enesi Azatlyga aýtdy.
Degişli maglumat Bilimdäki para ýaşlaryň ýoluny ýapýar, prezidentiň ogly Angliýada 'okady'Şol bir wagtda, ÝOJ-da işleýän ýaş mugallym käbir ene-atalaryň mugallym tutup, çagalaryny ýokary okuwyň synaglaryna gowy taýýarlaýandygyny, öz sapak beren okuwçysynyň bilimine ynanýan mugallymlaryň giriş synagyny tabşyrýan oglanyň ýa gyzyň ýany bilen gelip, eger olar ýykylsa, synagyň wideo ýazgysyny görkezmegi talap edýändigini aýtdy. Şu sebäpden, bilimi bilen girýänler wideokameraly otagda, tanyşlylar wideokamerasyz otagda synagdan geçirilýär diýip, adynyň, işleýän okuw jaýynyň agzalmazlygyny soran pedagog aýtdy.
Azatlyk ozal, ýerli hünärmenlere salgylanyp, ÝOJ-lara resminama tabşyrýanlaryň azalýandygyny habar beripdi we, bu ýagdaý, birinjiden, okuwlaryň köpüsiniň tölegli şertlere geçirilmegi bilen bagly bolsa, ikinjiden, okuwyň hili, studentleriň eşik düzgünini we çäreleri halamazlygy bilen bagly hasaplanýar.
Şu aralykda “Türkmen.News” neşiri, öz çeşmelerine salgylanyp, Daşoguzdaky Oba hojalyk institutyna resminama tabşyran ýaşlaryň az bolup görünýändigini habar berdi. Garaşsyz neşir, şu hili ýagdaýda hem, resmi tölegden başga, dalaşgärlerden bolmanda 500 dollar möçberinde pul soralýandygyny öňe sürýär.
“Türkmenistanyň Hronikasy” bolsa, sebitlerden Aşgabada okamaga gelýän ýaşlaryň jaý meselesiniň ýitileşendigini habar berýär. Bu 1970-nji ýyllardan bäri gelýän uly mesele bolup, soňky ýyllarda gurlandygy aýdylýan ýaşaýyş jaýlary studentleriň jaý meselesiniň çözülmegine täsir etmedik bolarly.
Garaşsyz neşiriň ýazmagyna görä, bilim edaralarynyň umumy ýaşaýyş jaýlaryndaky ýer ýetmezçiligi sebitlerden gelen okuwçylar üçin çynlakaý meselä öwrülýär we, olardan resminama tabşyrýan wagtlarynda okuwa girseler, garyndaşlarynda ýa-da pul töläp, kireýine alnan jaýlarda ýaşap biljekdikleri barada dilhaty alynýar.
Emma türkmen metbugaty “ýurtda üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri netijesinde ýaşlar üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini”, 15-nji iýulda başalanyp, 26-njy awgustda tamamlanjak kabul ediş möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigini aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.