Ýerewanda “ýaragly agdarylyşyk” dildüwşüklikde güman edilip üç adam saklandy

Ýerewanyň Respublika meýdançasy (arhiw suraty)

18-nji sentýabrda Ermenistanyň Derňew Komiteti, Russiýada tälim alana çalym edýän, üç şahsyň ýaragly döwlet agdarylyşygy synanyşygyny planlaşdyrmakda güman edilip tussag edilendigini mälim etdi. Maglumatda dört şahsyň henizem gözlenýändigi bellenilýär.

Beýanata görä, güman edilýänleriň bäşisi Ermenistanyň raýaty, ýene-de ikisi Daglyk-Garabag sebitiniň ozalky ýaşaýjylarydyr. Güman edilýänleriň şahsyýetleri aýan edilmeýär.

Komitetiň beren maglumatyna görä, güman edilýänler we beýleki şahslar Ermenistanyň raýatlaryny, şeýle-de Daglyk-Garabag sebitiniň öňki ýaşaýjylaryny hakyna tutupdyrlar, şeýle-de olary harby türgenleşik geçmek üçin Russiýa ugradypdyrlar. Beýanatda munuň Ermenistanyň hökümetini agdarmak maksady bilen edilendigi aýdylýar.