Ermenistanyň Goranmak ministrligi Azerbaýjan bilen dartgynly serhetde bir ermeni esgeriniň atylyp öldürilendigini aýdýar. Ýerewan muny ok atyşyklary bes etmek ylalaşygynyň bozulmagy hökmünde häsiýetlendirýär.
Ministrlik hadysanyň 4-nji dekabrda Bardzruni obasynyň golaýynda ýerli wagt bilen sagat 14:35 töwereginde ýüze çykandygyny belleýär.
Bardzruniniň häkimi Arsen Aleksaniýanyň Azatlygyň Ermeni gullugyna aýtmagyna görä, oklar serhetdäki Ermenistanyň pozisiýasyna tarap atylypdyr, şeýle-de onuň sesi obada eşidilipdir.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi bu habary ret etdi we muny “Ermenistan tarapynyň öjükdiriji maglumaty” hökmünde häsiýetlendirdi.