Türkmen metbugaty Ahal, Lebap, Mary sebitleriniň gallaçylarynyň uly zähmet üstünliklerini gazanandygyny habar berýär. Emma Ahalda dörän ýyladyşhana dartgynlyklary Türkmenistandaky ýer-suw, iş we eklenç meseleleriniň barha çuňlaşýandygyny yşarat edýär. Oba hojalygynda soňky döreýän meseleler öňki prezidentiň daýhanlary iş başarmazlykda aýyplap, olaryň kärende ýerlerini hususy telekeçilere bermek başlangyjy bilen bagly bolup görünýär.
Azatlygyň Ahaldaky habarçysy 8-nji sebitiň etraplarynda gurlan ýyladyşhanalaryň suw, elektrik üpjünçiliginden kesilip, ýapylmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny, munuň ýüzlerçe aýal-gyzyň işini ýitirmegine getirýändigini habar berdi we bu ýurtdan ýer, suw meslesi bilen bagly syzan maglumatlaryň diňe biri.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, Baýramaly etrabynyň Agaýusup daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň ýetişdiren ýeralma hasyllaryny ýerleşdirip bilmän kösenýär, sebäbi etrabyň azyk ammarynda olaryň öndüren karttoşkasyna ‘ýer ýok’.
Bu hili habarlar türkmen ýolbaşçylarynyň kanunçylyk binýadygyny pugtalandyrmak, …zerur bolan sowadyjy ammarlary gurmak we ozalky ammarlaryň durkuny täzelemek ýaly meseleler barada hökümet mejlisinde eden gürrüňleriniň, metbugatda aýdylyşy aly netijeli bolmandygyny görkezýär.
Degişli maglumat Ahalda ýer-suw dartgynlylygy güýçlenýär, ýüzlerçe aýal-gyz işini ýitirýärÝene bir habara görä bolsa, Wekilbazar etrabynyň Çarlakýap daýhan birleşiginiň kärendeçileri öz kärende ýerlerinde ýetişdiren garpyzlaryndan peýda görmän, tersine, zyýan çekýärler.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” ýazmagyna görä, häzir Mary we Lebap sebitleriniň bazarlaryna ýerli önümlerden has arzan bolan eýran garpyzlary köp getirilipdir.
Azatlygyň habarçylary mundan öň hem zyýana galan kärendeçiler, şol sanda ýyladyşhana guran adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan energiýa kynçylyklary barada az habar bermändiler.
Ahaldaky habarçymyzyň şu hepde beren ýyladyşhana habaryna dolanyp gelsek, bu maglumat soňky ýyllarda gurlan ýyladyşhanalaryň hem indi sorag astyna düşýändigini yşarat edýär.
Maglumat üçin aýdylsa, içerki bazary gök önümler bilen gyşyn-ýazyn üpjün etmek, ýurtda azyk howpsuzlygyny gazanmak we daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak üçin gurlan ýyladyşhanalar importa harçlanýan serişdeleriň azalmagyna, ýerli daýhanlaryň bähbitleriniň goralmagyna alyp gelmelidi.
Emma indi, görnüşinden, döwlet baştutanynyň tutumlary esasynda ýyladyşhana guran adamlar, şol sanda bu hili kärhanalarda işlän we maşgalasyny eklän zähmetkeşler uly zyýan çekjege meňzeýär.
Ahal sebitinde köpçülikleýin gurlan ýyladyşhanalar, aýdylmagyna görä, obalara agyz suwunyň ýetmezligi bilen baglylykda ýapylýar. Bu, ikinji tarapdan, ýurtda uzak ýyllar bisarpa ulanylan suwuň indi hakykatdan hem ýetmeýändigini yşarat edýär.
Türkmenistanyň suw meselesi, Garagum kanaly gurlaly bäri, getiren peýdasynyň gapdalyndan uly ýer zaýaçylygyna, geleňsizlik gylyklarynyň çuňlaşmagyna alyp geldi we, hünärmenler indi onuň bütin sebit boýunça uly alada öwrülýändigini aýdýarlar.
Suw meslesinden başga, Türkmenistandaky ýer we daýhançylyk meselesiniň garyndaşparazlyk, tansy-bilişlik, berim-peşgeş ‘çyrçyklary’ hem bar we bu ‘dert’ ýurtda 30 ýyl bäri dowam edýän kadr geldi-geçerligi esasynda has çuňlaşýana meňzeýär.
Degişli maglumat Balkanly daýhanlar ýyladyşhanalarynda odun ýakyp gök-önüm ýetişdirýärlerAhal sebitiniň paýtagt Aşgabadyň has golaýynda ýerleşýän etraplary, Akbugdaý, Gökdepe we Bäherden hojalyklary barada aýdylanda, bu töweregiň ýerleri gowaça ekilip, kän şorladylmadyk we arrykladylmadyk topraklar hasaplanýar. Mundan başga, bu ýerlerde gök, bakja, miwe önümlerini ýetişdirmek, ýyladyşhana tejribesi heniz sowet döwründe hem işini bilýän hojalykçy, daýhan adamlara belli bir derejede gowy girdeji berýärdi.
Megrem şunuň bilen baglylykda, Azatlygyň habarçysy Ahalda ýyladyşhana guran adamlaryň köp bolandygyny, olaryň esasan ozal ýokary wezipelerde işlän, soň hem täsirini ýitirmedik adamlar bolandygyny aýdýar.
“Mysal üçin, ozal häkimlikde, oba hojalyk pudagyndaky dürli wezipelerde, prokuraturada, IIM-niň düzüminde, beýleki jogapkär işlerde işlän adamlar welaýat, etrap häkimleri bilen gürleşip, ugur-ýoluny tapyp, 20-30 ýyllyk möhlet bilen şertnama baglaşyp, kärendesine ýer aldylar we ol ýerlerde köpçülikleýin ýagdaýda ýyladyşhana gurdular. Olar bu ýyladyşhanalarda pomidor, hyýar ekip, gyşyna we ýaz aýlary gymmat bahadan satyp, gowy girdeji alýarlar” diýip, Azatlyk bilen gürleşen hünärmen aýtdy.
Ýöne bu ýyladyşhana gazanjynyň ‘ýönesi’ häzirki agyz suwy meselesinden has öň başlandy, sebäbi häkimleriň we beýleki jogapkär wezipelerdäki emeldarlaryň ýygy-ýygydan çalşyrylyp durmagy ozal ol ýa-da beýleki emeldar bilen ylalaşylan we ‘özara bähbitli şertlerde çözülen meseleleriň täzeden, täze adamlaryň bähbitlerine laýyklykda çözülmegini talap edýär’ diýip, söhbetdeşlerimiz aýdýar.
“Täze wezipä bellenen häkimler üçin öňki häkim bilen baglaşylan şertnamalaryň ýa dilden gelnen ylalaşyklaryň o diýen ähmiýeti bolmaýar ýa-da öňki düzgünler öz güýjüni ýitirýär. Onsoň, ýyladyşhana eýeleri täze bellenen häkimleriň ol ýa-da beýleki görnüşdäki basyşlaryna duçar bolup başlaýar” diýip, ýyladyşhana eýeleriniň kynçylyklaryny gowy bilýän hünärmen aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen hünärmenleriň tassyklamagyna görä, eger-de ýyladyşhana eýesiniň ýokarda gowy goldawy ýa goragy bar bolsa, onda täze häkimiň oňa ‘dişi ötmeýär’; ýöne ozal goldawy bolup, soň ol goldawy wezipesinden boşadylan bolsa, oňa derek başga täsirli gorag ýa howandar edinip ýetişmedik bolsa, bu hili kärendeçiler täze bellenen häkimler bilen täzeden düşünişmeli bolýarlar. Bu olaryň täze bellenen häkimleriň bellän şertlerini kabul etmelidigini ýa-da ýyladyşhanasyny söküp aýyrmalydygyny, bolmasa suw üpjünçiliginden kesilip, ekini gurap, has kän zyýana galjakdygyny aňladýar.
Degişli maglumat Ýyladyşhana eýeleri, gaz hünärmenleri mümkin dildüwşük hadysalary boýunça derňelýärÝyladyşhana eýeleriniň esasy girdejisi, hünärmenleriň sözlerine görä, Russiýa Federasiýasyna eksport edilýän gök önümlerden gelýär. Olaryň önümleri ýerli bazara diňe daşary ýurda iberip bolmadyk halatynda çykarylýar.
“Gepiň gysgasy, Ahaldaky ýyladyşhanalaryň esasy meselesi häkimleriň işden boşadylmagy we onuň ýerine täze häkimleriň bellenmegi bilen bagly, düýp mesele şundan ybarat bolýar” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmen ýurtda hakykatda kanunlaryň däl, diňe wezipeli adamlaryň ‘iş bitirýändigini’, kada-kanunly ýurtlardaky ýaly, ýokarda bir ýolbaşçynyň yglan eden syýasatyna ýa parlamentde kabul edilen kanunlara bil baglap, hiç bir iş edip bolmaýandygyny, kanun-kada esasynda işlejek bolýan adamlaryň ‘gaty ýalňyşýandygyny’ hem sözüne goşdy.
Ahaldaky ýyladyşhana dartgynlylygynyň ýene bir sebäbi bolsa, aýdylmagyna görä, beýleki sebitlerde ýokary döwlet wezipelerinde işlän emeldarlaryň sany bu sebitdäki öňki emeldarlaryň sanyndan az bolup, beýleki sebitlerde maýa ýatyryp, ýyladyşhana gurmaga höwes edýän adamlar beýle köp görünmeýär. “Ýöne, başga welaýatlardan bolup, maýasy, puly bar adamlar, döwlet ýolbaşçylary Gökdepe, Bäherden etraplaryndan bolansoň, Ahal welaýatynyň çäginden kärendesine ýer alyp, geljekde şol ýokarky ýolbaşçylaryň howandarlygyna, goragyna bil baglaýarlar” diýip, ýerli hünärmen aýtdy.
Türkmenistanyň birinji we ikinji prezidentleri ýurduň oba hojalygynda dörän agyr ýagdaý barada wagtal-wagtal berk tankydy bellikleri edip, bölekleýin hem bolsa, ýurduň ilatynyň uly böleginiň iş, gazanç, şol sanda azyk mümkinçiliklerine abanýan howp-hatarlaryň gürrüňiňi etdi. Emma synçylar häzirki prezidentiň bu meselelere öňki ýolbaşçylara garanda has ‘sowuk’ garaýandygyny öňe sürýärler. Bu ýagdaý, hünärmenleriň tassyklamagyna görä, oba hojalygyndaky korrupsiýanyň has çuňlaşmagyna, daýhanlaryň we maldarlaryň durmuşynyň has kynlaşmagyna alyp gelýär.
Maglumat üçin aýdylsa, BTI hasabatyna, Bertelsmann Stiftung Özgeriş Indeksine laýyklykda, Türkmenistanyň ösüşine we raýatlaryň abadançylygyna päsgel berýän esasy meseleler giňden ýaýran we düýpli kök uran korrupsiýa, ýurduň ähli ýerinde çeşmelere elýeterliligiň deňsizligi, uly göwrümdäki garyplyk we işsizlik bilen bagly.
Degişli maglumat “Girdeji çykdajydan az bolýar”. Lebapda hususyýetçiler ýyladyşhanalaryny sökýärlerBTI şu ýylyň başynda çap eden hasabatynda gelen netijä görä, Türkmenistanyň elitasy ýurtdaky hususy emläkleriň/serişdeleriň azyndan 75%-ine eýeçilik edýär… Resmi bahadan manat çalşygy diňe döwlet eýeçiligindäki kompaniýalar we hökümet bilen baglanyşygy bolan biznesler üçin elýeterlidir. Walýuta meselesi ýokary inflýasiýa getirdi…
Şeýle-de hasabat, garaşsyz synçylara salgylanyp, ýurduň ilatynyň 33%-45%-iniň garyplyk çäginden pes derejede ýaşaýandygyny, ilatyň 40%-50%-iniň işsizdigigini, orta mekdebi gutaranlaryň 70%-den gowragynyň ýokary bilim alyp bilmeýändigini öňe sürýär.
Resmi Aşgabat gürrüňi edilýän kynçylyklary resmi taýdan boýun almasa-da, türkmenistanlylaryň düşen ýagdaýyny görkezýän maglumatlar, hususan-da zähmet migrasiýasy baradaky habarlar barha köpelýär. Maglumat üçin aýdylsa, Belarusyň IIM-niň maglumatyna görä, geçen ýyl bu ýurda zähmet migrasýasyna gelen daşary ýurtlularyň arasynda türkmenistanlylar üçünji orny eýeläp, diňe Russiýa, Hytaý ýaly has kän ilatly ýurtlardan yza galdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.