3-nji sentýabrda “Yslam Döwleti” ekstremistiki topar mundan bir gün öň Owganystanyň paýtagty Kabulda amala aşyrylan ganly hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
Owganystanyň “Talyban” hökümetiniň prokuratura edarasyny nyşana alandygyna ynanylýan hüjümde, azyndan alty adam öldi, başga-da 13-si ýaralandy.
Käbir şaýatlar hüjümde adam pidalarynyň has köp bolandygyny aýdýarlar. “Yslam Döwleti” topary bilen ilteşikli “Amak” media hem “45-den aşa” adamyň ýa ölendigini, ýa-da ýaralanandygyny öňe sürdi.
2021-nji ýylyň awgustynda “Talyban” Owganystanda häkimiýeti gaýtadan ele geçireninden soň, sünni musulmanlarynyň ýolbaşçylygyndaky “Yslam Döwleti – Horasan” topary ençeme hüjümi amala aşyrdy. Bularda esasan “Talyban” resmileri, daşary ýurt raýatlary we şaýy musulmanlarynyň Hazara jemgyýeti nyşana alyndy.