3-nji oktýabrda Ýewropa Komissiýasy Wengriýanyň üstünden, onuň “Özygtyýarlylygy goramak” diýilýän kanuny sebäpli, Ýewropanyň Adalat kazyýetine şikaýat edendigini mälim etdi. Tankytçylar Wengriýanyň bu kanunyny Russiýanyň hökümetiň tankytçylaryny sem etmek üçin ulanýan kanunçylygyna meňzedýärler.
Ýewropa Bileleşiginiň ýerine ýetiriji şahasy bolan bu Komissiýa, Wengriýanyň daşary ýurduň täsirinden goramak maksady bilen kabul edilendigini aýdýan bu kanunynyň çäginde Özygtyýarlylygy Goramak edarasynyň esaslandyrylmagyny, Ýewropa Bileleşiginiň kanunçylygyna çapraz gelýändigini aýdýar.
Bu kanun milletçi premýer-ministr Wiktor Orbanyň Fidesz partiýasy tarapyndan agdyklyk edilýän parlamentde aňsatlyk bilen kabul edilipdi. Mundan soň, fewralda Komissiýa bu kanunyň Bileleşigiň demokratiki gymmatlyklaryna we fundamental hukuklaryna çapraz gelýändigini aýdyp, düzgüni bozma prosedurasyny başlatdy.
“Wengriýa resmileriniň beren jogaby içgin seljerilenden soň, komissiýa ýüze çykarylan kemçilikleriň aglabasyna entegem garalmandygyny belleýär” diýip, beýanatda aýdyldy.
2010-njy ýyldan bäri häkimiýet başyndaky Orban Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen ýakyn gatnaşyklary gurdy, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň we NATO-nyň agzasy bolan öz ýurdunyň Russiýa we Hytaý bilen gatnaşyklaryny güýçlendirdi. Şol bir wagtda-da, ýurtda media azatlygyny we kanunyň hökmürowanlygyny çäklendirip, bu sebäpli-de Brýusseliň Budapeşte garşy çäre görmegine getirdi.