Ýewropa Parlamenti Ukrainanyň goranmagy we gaýtadan gurulmagy üçin berilýän 35 milliard ýewro (38 milliard dollar) möçberindäki karzy tassyklady, bu serişdeler Russiýanyň merkezi bankynyň daşary ýurtlarda doňdurylan emläklerinden geljek girdejileriň hasabyna berler.
Bu habar Kiýew goşunlarynyň gündogarda Russiýanyň gazaply hüjümine garşy durýan, ukrain şäherlerine we energiýa infrastrukturasyna gündelik diýen ýaly zarba urulýan wagtynda berildi.
Resmi taýdan Ýediler toparynyň Ukraina geçirilýän adatdan daşary serişdeleri tizleşdirmek üçin berýän karzlary hökmünde bilinýän meýilnama Uly Ýedilik tarapyndan iýun aýynda yglan edildi.
Bileleşigiň hökümetleri bu çäräni şu aýyň başynda tassyklanyndan soň, ÝB-niň kanun çykaryjylary 22-nji oktýabrda 518 wekiliň goldamagynda, 56 wekiliň garşy çykmagynda we 61 wekiliň saklanmagynda ses berdiler. Russiýanyň daşary ýurtda doňdurylan emläkleriniň köpüsi ÝB-de ýerleşýär.
Bu karz Moskwa 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina sebäpsiz çozanyndan soň Günbatarda doňdurylan rus emläklerinden alnan girdejileriň hasabyna üpjün ediler.
"[Russiýanyň prezidenti Wladimir] Putiniň urşunyň ilkinji gününden bäri düşnükli: Russiýa bir gün ukrain jemgyýetiniň weýran edilmegi we geljekki Ukrainanyň täzeden gurulmagy üçin töleg tölemeli" diýip, Ýewropa Parlamentiniň Ukraina ÝB-niň maliýe kömegi boýunça hasabatçysy Karin Karlsbro aýtdy.
"Ýöne Ýewropa Parlamenti muny eýýäm, şu gün hem amala aşyryp biler. Doňdurylan rus emläkleriniň girdejilerinden peýdalanyp, Ukraina 45 milliard ýewro iberip, Russiýa bu tölegi töledip bileris" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Russiýa, takmynan 300 milliard dollar töweregi doňdurylan emläginiň ulanylmagyndan nägilelik bildirip, muny bikanun diýip atlandyrdy we ar aljakdygyny aýtdy.
"Karzyň hüjüm edilen adama berilmegine garaşylmaýar, ol hüjümçi tarapyndan yzyna tölenýär” diýip, Ýewropa Bileleşiginiň adalat komissary Didier Reynders aýtdy.
Angliýa22-nji oktýabrda, bu meýilnamanyň çäginde, has köp ýarag ulgamyny edinmegi üçin, Ukraina 2,26 milliard ýewro (2,4 milliard dollar) möçberinde karz berjekdigini aýtdy.
Britaniýanyň goranmak ministri Jon Heali we Angliýanyň maliýe ministri Reýçel Riwes bu karzy ukrain goşunlarynyň Angliýada tälim alýan esgerleriniň ýanyna baryp görende yglan etdi diýip, hökümet beýanatynda aýdylýar.
"Biziň Ukraina we onuň erkeklerine hem-de aýallaryna olaryň [Russiýanyň prezidenti Wladimir] Putiniň agressiýasyndan azat bolmak ugrundaky söweşinde berýän goldawymyz üýtgewsiz we näçe wagt gerek bolsa, şonça hem saklanyp galar" diýip, beýabatda aýdylýar.
"Ukrainanyň harby çykdajylaryna býujet kömegini bermäge niýetlenip, bu karz ukrainalylara Russiýa garşy howa goranyşy, artilleriýa ýaly esasy enjamlara maýa goýmaga mümkinçilik berer” diýip, Heali britan hökümetiniň çap eden beýanatynda aýtdy.
Bu karz Angliýanyň Ukraina berýän ýyllyk 3,9 milliard dollarlyk harby kömek maksatnamasyna goşmaça bolup, Londonyň Kiýewe harby, ykdysady we ynsanperwer goldawy üçin beren 16 milliard dollarynyň üstüni ýetirýär.
Şu aralykda, Russiýa bilen serhetleşýän demirgazyk-gündogar Sumy sebitinde üç adam, şol sanda bir ýaş gyz öldürildi diýip, sebit resmileri aýtdy. Soňky 24 sagatda urlan zarbalarda gündogar Donetsk sebitinde rus hüjümleri netijesinde iki çaga we 64 ýaşly bir aýal öldi diýip, ýerli resmiler habar berdi.
Howa hüjümi duýduryşy zerarly mekdep okuwçylarynyň ewakuasiýa edilen wagtynda Odesada 13 ýaşly bir gyz öldi diýip, polisiýa aýtdy.
Ukrainanyň howa güýçleri sekiz sebitde - Sumy, Dnipropetrowsk, Çerkasy, Donetsk, Zaporižýa, Kiýew, Herson we Harkow sebitlerinde Russiýanyň uçuran 60 pilotsyz uçarynyň 42-sini urandygyny aýtdy.
Şu aralykda, Russiýanyň iki sebitiniň häkimiýetleri ukrain pilotsyz uçarlarynyň üç sany alkogol zawodyny nyşana alandygyny habar berdiler.
Moskwanyň günorta-gündogaryndaky Tambow sebitine urlan dron zarbasy “Biohim” alkogol zawodynda ýangyn turmaygyny sebäp boldy diýip, sebit häkimi Maksim Ýegorow telegramda aýtdy.
Moskwanyň günortasynda ýerleşýän Tula sebitine hüjüm eden ukrain dronlary Efremowdaky we Lužkowskidäki alkogol zawodlaryna zarba urdy, pida bolan ýok diýip, sebit häkimi Dmitriý Milýaýew aýtdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi howa goranyş ulgamlarynyň öten agşam Ukrainanyň 18 dronyny urandygyny aýtdy.
Russiýanyň edýän dyngysyz hüjümleri netijesinde raýat we energiýa infrastrukturasy dowamly weýran edilýän Ukraina soňky aýlarda Russiýanyň nebit-ýangyç ammarlaryny we harby bölümler üçin işleýän beýleki desgalaryny has köp nyşana alýar.