ÝB resmileri Wengriýanyň geçirýän ýygnaklaryny boýkot edýär

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen (çepde) we Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban

Ýewropa Komissiýasynyň agzalary Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban tarapyndan geçiriljek resmi däl ýygnaklary boýkot ederler we Budapeştiň Ýewropa Bileleşiginiň alty aýlyk prezidentlik möhletiniň dowamyndaky duşuşyklarynda olaryň ýerine has pes derejeli resmiler wekilçilik ederler. Bu barada Ýewropa Komissiýasy Orbanyň Russiýanyň we Hytaýyň liderleri Wladimir Putin we Si Szinpin bilen geçiren rugsat berilmedik duşuşyklaryndan soň yglan etdi.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýeniň baş metbugat sekretary Erik Mamer Ýewropa komissiýasynyň 27 agzadan ybarat ýolbaşçylygy bolan Kollegiýanyň ÝB-niň häzirki ýolbaşçysy Wengriýa sapar etmejegini habar berdi.

Wengriýa muňa garşylyk bildirdi. Ýurduň Ýewropa işleri boýunça ministri Ýanoş Boka komissiýany işleşmek isleýän guramalaryny we agzalaryny "saýlap-seçmekde" aýyplady.

Komissiýanyň bu karary Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borrelliň awgustda Wengriýanyň planlaşdyrýan ýygnagyna gabat öz "resmi" duşuşygyny geçirjek bolýandygy barada "Politico" žurnalynda çap bolan tassyklanmadyk habaryň yzýanyna gabat geldi.