ÝB-niň sudy ÝK-niň COVID-19 waksina ylalaşyklary barada ýeterlik maglumat bermändigini aýdýar

Illýustrasiýa suraty

Ýewropa Komissiýasy (ÝK) pandemiýa döwründe COVID-19 waksinasyny satyn almak boýunça farmasewtiki kompaniýalar bilen baglaşylan şertnamalary baradaky maglumatlary köpçülige ýeterlik derejede elýeterli etmedi diýip, Ýewropa Bileleşiginiň baş sudy aýtdy.

Bu baradaky karar, Ýewropa Parlamentinde Ýewropa Komissiýasynyň nobatdaky prezidenti boýunça geçmeli ses berişligiň bir gün öňünden yglan edildi. Ses berişlikde Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen bu wezipä täzeden saýlanmak ugrunda tagalla edýär.

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) kanunçykaryjylarynyň bir topary, Komissiýa olara COVID-19 waksinasyny boýunça ÝB-niň ýerine ýetiriji şahamçasy bilen, kompaniýalaryň arasyndaky kontraktlar barada doly maglumat bermekden ýüz öwüreninden soň, suda arza bilen ýüz tutdular.