Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýozef Sikela öňümizdäki aýda geçiriljek ilkinji “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” sammitiniň öňüsyrasynda sebit ýurtlaryna amala aşyrýan saparlarynyň çäklerinde, 12-nji martda Aşgabatda türkmen resmileri bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Sikela bilen “MA-ÝB” sammitini hem-de Aşgabatda geçiriljek ministrler sammitini maslahat etdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
“MA-ÝB” ministrler duşuşygy Aşgabatda 4-nji martda geçirilmelidi, ýöne bu duşuşyk aýyň ahyrlaryna süýşürildi. Şeýle-de, iki sebitiň arasynda liderler sammiti 3-4-nji aprelde Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçiriler. Bu duşuşyga Merkzi Aziýa ýurtlarynyň döwlet ýolbaşçylarynyň hem-de Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýeniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Sikela 12-nji martda Aşgabatdan soňra, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp, bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakiýew bilen hem duşuşdy.
“Biz Türkmenistany Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm hyzmatdaş hökmünde görýäris” diýip, türkmen metbugaty ýewropa resmisiniň Halkara portda aýdan sözlerini getirýär.