ÝB-niň dört ýurdy Russiýadan gaz almak şertnamasynyň uzaldylmagyny soraýar

Merkezi Ýewropanyň öňdebaryjy energiýa kompaniýalary Ýewropa Komissiýasynyň prezidentine rus gazynyň Ukrainanyň çäginden geçiririlmegine mümkinçilik berýän tranzit şertnamasynyň möhletini uzaltmak baradaky haýyş bilen ýüz tutdy diýip, “Politico” neşiri habar berýär.

Wengriýadan, Slowakiýadan, Awstriýadan we Italiýadan bolan gaz geçiriji operatorlar we sarp edijiler şertnamanyň möhletiniň tamamlanmagynyň "gaz üpjünçiligini kynlaşdyryp", "Ýewropaly sarp edijileriň ulanýan gazynyň bahasynyň ýokarlanmagyna" sebäp bolup biljekdigini aýdarlar.

Russiýa bilen dostlukly gatnaşykda bolan Slowakiýa we Wengriýa Kiýew bilen Moskwanyň arasynda 2019-ny ýyl baglaşylan ylalaşygyň möhletini uzaltmak üçin birnäçe aý bäri tagalla edýär. Bu ylalaşyk Ýewropanyň rus gazy bilen üpjün edilmegini nazarda tutýar.

Bratislawa we Budapeşt häzir, şertnamanyň möhletiniň gutarmagy we gaz üpjünçiliginiň kesilmegi netijesinde, gyş möwsüminiň ortalarynda energiýa bahalarynyň ýokarlanyp biljekdigini duýdurýar.