ÝB-Merkezi Aziýanyň ilkinji sammiti apreliň başynda, Özbegistanda geçiriler

Adam hukuklary meseleleri sammitiň gün tertibine girizilmedi.

Adam hukuklary meseleleri sammitiň gün tertibine girizilmedi.

ÝB-niň Özbegistandaky wekiliýetiniň metbugat gullugy sammitiň 3-4-nji aprelde meýilleşdirilendigini habar berdi. Duşuşykda Ýewropa Ýewropa Geňeşiniň prezidenti António Kosta we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen wekilçilik eder. Sammite taýýarlyk meseleleri 20-nji martda Aşgabatda geçiriljek ministrler ýygnagynda ara alnyp maslahatlaşylar.

Sammite Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýolbaşçylyk eder. Ýewropanyň Daşkentdäki diplomatik missiýasy bu sammite Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň liderleriniň hem gatnaşjakdygyny aýtdy.

ÝB-Merkezi Aziýa sammitininiň Samarkant şäherinde geçiriljekdigi biraz öň belli bolupdy. Ýöne bu ÝB delegasiýasynyň resmi beýanynda agzalmaýar.

Beýanatda aýdylmagyna görä, ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibi hyzmatdaşlygy, hususan-da howpsuzlyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdiriler.

“Sammit ÝB üçin ikitaraplaýyn gatnaşygy artdyrmak, Merkezi Aziýa bilen sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek we özüniň geosyýasy gyzyklanmasyny görkezmek üçin möhüm mümkinçilik bolup hyzmat eder. Russiýanyň Ukraina garşy bikanun agressiýasy we Owganystanda bolýan wakalar netijesinde özgerýän geosyýasy ýagdaýy nazarda tutmak esasynda, ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklar barha kän strategiki ähmiýete eýe bolýar” diýip, resmi habarda bellenýär.

Bellemeli ýeri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemmesiniň tankyt edilýän we gynandyryjy ýagdaýy, adam hukuklary meseleleri sammitiň gün tertibine girizilen meseleleriň biri bolup bilmedi.

Adam hukuklary ýagdaýyny gowulandyrmak meselesi soňky ýyllara çenli ÝB-niň sebitdäki ýurtlar, hususan-da Türkmenistan bilen özara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin goýýan esasy şertleriniň biri bolup durýardy. Ýöne soňky ýyllarda bu mesele kem-kemden yzdaky orunlara geçirilip başlandy.

“Biz bulam-bujarlyk we bölünişik dünýäsinde ýaşaýarys, bu ýerde ÝB üçin ýeke-täk çözgüt parahatçylygyň we abadançylygyň hatyrasyna edilýän hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bolup durýar. Köp polýarly dünýäde has işjeň we anyk maksatly hyzmatdaşlyk zerur. Ilkinji ÝB-Merkezi Aziýa sammiti, halkara hukugyna doly hormat goýmak bilen, parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin bilelikde işlemek baradaky borçnamamyzy güýçlendirer" diýip, Ýewropa geňeşiniň prezidenti António Kosta aýtdy.

Şeýle-de, beýanatda ÝB-Merkezi Aziýa ministrleriniň sammite taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşjak 20-nji ýygnagynyň 4-nji martda geçiriljekdigi aýdyldy.

ÝB-niň Türkmenistan bilen gatnaşyklary soňky ýyllarda ilkinji nobatda energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirildi. Russiýanyň Ukraina garşy başlan sebäpsiz harby agressiýasyndan soň, türkmen gazyny Ýewropa bazarlaryna ibermek pikiri gün tertibinde barha kän orun alyp başlady.

Türkmenistan we Türkiýe şu aýyň başynda, SWAP meýilnamasy arkaly, türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Türkiýä ibermek barada ylalaşyk gazanylandygyny yglan etdi. Bu ylalaşyk ýylda 2 milliard kub metre çenli, az mukdardaky gaz üpjünçiligini göz öňünde tutýan hem bolsa, synçylar oňa türkmenleriň gaz eksportyny diwersifikasiýa etmeginde möhüm ädim hökmünde baha berýärler.

Türkmenistanyň Türkiýäni tebigy gaz bilen üpjün etmek işine 2025-nji ýylyň 1-nji martynda başlamagyna garaşylýar.