ÝB Eýranyň Russiýa ýarag ibermegi bilen bagly täze sanksiýalary tassyklady

Gadagançylyklara Iran Air howa gullugy hem düşüpdir. (arhiw suraty)

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Eýran bilen ilteşikli ýedi şahsa we ýedi gurama garşy täze sanksiýalary tassykladylar. Bu Kiýewiň Günbatar ýaranlarynyň Tährany, Moskwanyň Ukrainadaky alyp barýan doly gerimli urşuna goldaw hökmünde, Russiýa ganatly raketalary ibermekde aýyplamagyndan soň boldy.

Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugynyň, ýagny Radio Fardanyň maglumatyna görä, täze gadagançylyklara Eýranyň Russiýa ýarag ibermegi bilen ilteşikli bolmakda aýyplanan kompaniýalar we şahslar, şol sanda Iran Air howa gullugy hem düşüpdir.

Gadagançylyga düşen şahslaryň arasynda Eýranyň goranmak ministriniň orunbasary Saýed Hamzeh Ghalandari, Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusynyň Kuds güýçleriniň ýokary derejeli resmileri hem bar.

Birleşen Ştatlar, Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa Eýrany Russiýanyň Ukraina garşy ulanmagy üçin oňa ganatly raketalary we degişli tehnologiýalary ýollamakda aýypladylar.