"Ýatlamalar sapaklary". GULAG-da bolan aýallaryň sergisi

Lagerde doglan öz gyzy Maşa üçin, Efrosinýa Şaşgaldowa-Giwergizowanyň el işinden bölek

Keşdelenen çaga köýneginiň bölegi. Ol “halk duşmany” diýilýänleriň aýallary saklanýan Akmola lagerinde taýýarlanypdyr. Keşdäni Mariam Antsis bejeripdir.
 

"Biz bu sergini 15 ýyldan bäri taýýarlaýarys – diýip, serginiň awtory aýdýar. – Şeýle uzak, sebäbi biz aýal ykbalyny öz üstüne alyp biljek esasy özeni hiç tapyp bilmedik. Sebäbi olar, bir tarapdan, hemmesi meňzeş, ählisi lagerden geçenler, beýleki tarapdan, her ykbal bir adamyň ömri. “Memorialyň” muzeýinde el işleri örän köp.
Sebäbi ol garabagt aýallar diňe özleriniň, öz elleri bilen, özlerinde bar bolan zadyndan, edip biljek zadyny edýärdiler... Olaryň bolsa hiç zady ýokdy. Olarda ýyrtylan aýakgap, esgi bölekleri, nähilidir ýumak sapaklary, dürli-dümen ýüplükler, mata bökeleri bardy. Bu zatlardan ilki bilen öz aladaňy etmek, egin-eşigiňi abatlamak hem geýinmek gerekdi, ikinjiden, haýsydyr bir ýol bilen özüňiň diridigiňi mälim etmelidi».

Çaga elligi

"Biziň hemmämizi faşistleriň lagerlerinde bolşy ýaly, sanlar bilen "bezediler". Göräýmäge ýüzüne san belgisi ýazylan bir bölejik esginiň egin-eşigiňe tikilmegi geň däl ýaly, ýöne şol bölejik esgi bizi öz adymyzdan we ýaşymyzdan mahrum edip, mal kimin atlandyrýardy. Egin-eşiginde san belgisi bolmadyklara jeza berilýärdi" diýip, Gawa Wolowiç lageriň durmuşy baradaky ýatlamasynda ýazýar. Ol Sowet Soýuzyna garşy düşündiriş geçirmekde aýyplanyp, Ozerlagda jeza çekipdir.
 

Aýal demirýoluň gurluşygynyň barşynda, daşlary ýumurmak üçin ulanylan dinamiti taýýarlaýar.
 

Uzak Gündogarda demirýoluň gurluşygy döwründe, aýallar bazalt gaýasynyň böleklerini aýyrýarlar.
 

“Ol geçilen ýoluň tapgyrlaryny görkezmek gerekdi. Ine, bizi tussag edýärler, döwülýäris, şondan soň durmuş gutarýar. Bizi tapgyr bilen ugradýarlar, biz lagerde, lagerde bolsa iş, döredijilik, zorluk bar. Soňra azatlyk we ýatlamalar galýar. Bu mowzuklaryň ählisi sergiler arkaly görkezilýär" diýip, “Memorialyň” Pragadaky sergisiniň açylyşynda, guramanyň işgäri gürrüň berýär.
 

Derman çüýşeleri we kosmetiki serişdeleriň gaplary, bular Sibirdäki "Öli ýol" diýlip atlandyrylýan ýoluň boýundaky düşelgeleriň we keselhanalarynyň harabaçylygyndan tapyldy.

Tussaglaryň şahsy goşlary