Aşgabatly synçy türkmenistanlylaryň sebitde bolup geçýän syýasy, sosial wakalar barada barha kän açyk pikir alyşýandygyny, hususan-da özbek prezidentiniň 8-nji maýda Moskwada, Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginiň döwlet baştutanlarynyň geňeşinde eden çykyşynyň ilat arasynda dürli çekişmeleri, pikirleri we soraglary döredendigini habar berýär. Onuň pikiriçe, türkmen jemgyýeti, megerem soňky onýyllyklarda ilkinji gezek, "öz düşen ýagdaýyna" ýarym açyk, tas aç-açan görnüşde reaksiýa bildirip başlady.
Resmi habarlardan mälim bolşuna görä, Şawkat Mirziýoýew, beýleki meseleler bilen bir hatarda, özara syýahatçylygy ösdürmegi we zähmet migrantlary üçin amatly iş şertlerini döretmegi, olary sanly ulgam arkaly birnäçe kömek hem goldaw hyzmatlary bilen üpjün etmegi teklip etdi. Täjigistanyň prezidenti Emamoli Rahmon bolsa, rus kärdeşu Wladimir Putn bilen Kremlde bolan duşuşygynda Russiýada işleýän täjik migrant işçileri baradaky meseläni gozgap, “Bu biz üçin örän ynjyk we esasy meseleleriň biri" diýdi.
Degişli maglumat Aşgabat Russiýada kyn ýagdaýa düşen raýatlarynyň ykbalyna 'göz ýumýar'Emma, “1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna” iş saparyna baran Serdar Berdimuhamedowyň türkmen zähmet migrantlary bilen bagly meseleleri gozgandygy ýa-da gozgamandygy aýdylmaýar.
Synçynyň tassyklamagyna görä, özbek prezidentiniň eden teklipleri ilata iki goňşy ýurduň häkimiýetleriniň zähmet migrantlary babatdaky çemeleşmeleriniň arasyndaky uly tapawudy ýene bir gezek açyp görkezen ýaly boldy.
Onuň sözlerine görä, “ençeme [internet] ulanyjy özbek prezidentiniň aýdan sözlerini we çemeleşmesini goldasa, aglabasy türkmen ýolbaşçylarynyň zähmet migrasiýasy we syýahatçylyk meselelerinde, beýleki real, durmuşy meseleleriň ählisinde bolşy ýaly, problemany boýun almazlyk, hemme zady gülala-güllük edip görkezmek taktikasyndan ugur alýandyklaryny belläp, raýatlaryň äsgerilmeýändigini” öňe sürdi.
Şeýle-de, goňşy Gazagystanda aýallary maşgala zorlugyndan goramak boýunça kabul edilen ýörite kanunyň türkmen aýal-gyzlarynyň arasynda uly goldaw tapandygy habar berilýär.
Bu kanun, aýdylmagyna görä, Aşgabadyň D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyp gyzlaryň, şeýle-de Mary, Lebap, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň mekdep mugallymlarynyň, maryly medisina işgärleriniň, lebaply, maryly we daşoguzly kärendeçileriň, satyjy aýal-gyzlaryň arasynda uly gyzyklanma döredipdir.
Azatlygyň ynamdar çeşmesi bilen anonimlik şertinde gürleşen student gyzlaryň aýtmaklaryna görä, "türkmen jemgyýetinde aýallara garşy döwlet tarapyndan edilýän basyşyň güýçlenmegi, maşgalalarda aýallara garşy zorlugyň görlüp-eşidilmedik derejä çykmagy aýal-gyzlaryň arasynda bu nogsanlyklara garşy öz-özünden döreýän garşylyk reaksiýasyny güýçlendirdi. Indi diňe ýaşy bir çene baran aýallar, ýaş gelinler däl, eýsem talyp gyzlar hem öz hak-hukuklary hakynda, şol sanda maşgala zorlugynyň öňüni almak hakynda aç-açan gürrüň etmäge başladylar".
"Gazagystanda kabul edilen kanun, aýalyny urup öldürmekde aýyplanýan emeldaryň sud diňlenişigi türkmen jemgyýetinde hem uly gyzyklanma döretdi. Aýallar, megerem, soňky onýyllyklarda diňe bir sosial meseleler barada däl, eýsem, öz durmuş goraglylygynyň syýasy taýdan hem üpjün edilmegi hakynda gürrüň edip başladylar. Türkmen häkimiýetleriniň bu meselede adata öwrülen dymyşlygynyň indiden beýläk jemgyýetde sessiz kabul edilmejekdigi hakynda açyk gürrüň edilip başlandy" diýip, sebitleriň birinde ýaşaýan aýal-gyzlaryň biri Azatlygyň çeşmesine aýtdy.
Degişli maglumat Salam, Dogan! Aýal-gyzlaryň saýlap-seçmek hakyna kim, näme üçin dawa salýar?Şeýle-de, ýerli synçynyň ýazmagyna görä, Gürjüstanda “daşary ýurt agentleri” diýilýän kanun taslamasynyň döreden protest tolkunlary, raýat jemgyýetiniň, aktiwistleriň, adaty ilatyň, intelligensiýa wekilleriniň, talyplaryň, oppozisiýanyň bu kanun taslamasynyň Kabul edilmegine garşy işjeň protest bildirmegi Türkmenistanyň sosial torlarlardaky ulanyjylarynyň, şeýle-de ýurt içindäki talyplaryň, ýokary synp okuwçylarynyň, ýaş hünärmenleriň arasynda uly gyzyklanma we pikir alyşmalary döretdi.
Talyp ýaşlar Gürjüstanyň mugallymlaryny Türkmenistanyň mugallymlary bilen deňeşdirip, "Näme üçin Gruziýada talyplar antidemokratik kanunyň taslamasyna garşy proteste çykanlarynda, olaryň mugallymlary açyk ýüzlenme bilen çykyş edip, hökümetden we polisiýadan öz talyplaryna garşy zorluk we sem etmek çärelerini ulanmazlygy talap edýärler, emma Türkmenistanda beýle edilmeýär” diýip, öz pikirlerini aýdýarlar.
Olaryň sözlerine görä, türkmen talyplary ýurduň ýokary okuw mekdeplerindäki bikanun çäklendirmeler, korrupsiýa we adam mertebesiniň basgylanmagy hakynda garaşsyz media habar berseler, goldamagyň deregine, mugallymlar talyplara garşy görülýän bikanun çäreleri, çäklendirmeleri güýçlendirýärler
“Ýa-da bu biziň jemgyýetimiziň 33 ýylda gelen ýerini, ýa-da milli bilimiň nä derejede ýumrulandygyny we döwlet propagandasynyň çüýrük sütünine öwrülendigini görkezýärmi?" diýip, ýaşlaryň biri sorag berdi.
Şol bir wagtda, ýerli synçynyň tassyklamagyna görä, jemgyýetçilik düşünjesinde käbir özgerişlikler bolup geçýäne meňzeýär.
“Aşgabat hatda goňşy awtoritar döwletler bilen deňeşdirilende hem juda gözgyny görünýär we, ol ýa-da beýleki meseläniň bardygyny we çözgüt talap edýändigini boýun alman, özüni dünýä gülki edýär. Ýöne, nähilem bolsa, türkmen jemgyýeti, megerem soňky onýyllyklarda ilkinji gezek bu akyla sygmajak hereketlere ýarym açyk, tas aç-açan görnüşde reaksiýa bildirip başlady. Bu örän möhüm we ähmiýetli ädim” diýip, ýerli synçy ýasaýjylaryň sebitde soňky bolan wakalara bildiren reaksiýalary barada ýazan synyny tamamlaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.