«Men Ýaponiýanyň etnografiýa muzeýinde işlemek isleýärin. Özbek daýhanlarynyň we ussalarynyň durmuşyny görkezmek üçin, gara öý äkidip, ony muzeýde gurmakçy – diýip, Natsumi aýdýar. – Häzir men Surhanderýa sebitiniň Gyzylnawrul obasynda haly dokamagy öwrenýärin. Meniň Özbegistany, onuň medeni durmuşyny öwrenmek höwesim bar. Şoňa görä-de, haly dokalyşyny, Özbegistanyň öri meýdanlaryndaky çarwa durmuşyny, gara öýleri we milli naharlary öwrenýärin.»
«Häzir men betterme atly haly dokaýan. Ol öýüň tärimi bilen uguň birleşýän ýeriniň daşyndan aýlanýar» diýip, ýapon gyzy öz işini görkezýär.
Natsumi iki ýylyň içinde özbek dilinde gürlemegi öwrenip, eýýäm ol oba durmuşyna-da öwrenişipdir. Gyzylnawrul obasynda ol Zülfazar Abdraýimowanyň uly oglunyň öýünde ýaşaýar. Dokma guraly-da oňa degişli.
«Onuň häzirki dokaýanyna bizde betterme diýilýär. Ol tärim bilen uguň daşyndan aýlanýar. Ol muny görüp, ýüp satyn aldy. Biziň borjumyz – oňa görkezmek hem öwretmek – diýip, gartaşan özbek zenany ýapon myhmany barada gürrüň berýär. – Bu palasa bolsa gajary diýilýär. Ol muny sekiz günde dokady. Diňe bir özi, biz diňe gül goýmak üçin, näme etmelidigini görkezdik, ol hem derrew öwrendi!»
«Natsumi biziň öz çagalarymyz ýaly, görkezen ähli işlerimizi edýär, köp zatlary-da öwrendi – diýip, myhmanyna guwanýan aýal gürrüň berýär. – Ýaponiýadan gelip, bu hünäri öwrenýän adam ägirt uly iş edýär! Hudaý halap, ol alym bolsun. Ol biziň nanymyzy dadyp, naharymyzy iýdi, goýun gyrkmagy, malyň soýluşyny, et gowurmagy öwrendi, ol başga işleri-de edip bilýär».
«Şu ýyl onuň galmak möhleti tamamlanýar, ol yzyna gaýdýar. Biz ony küýsäris, ol biziň maşgalamyz ýaly boldy – diýip, Zülfazar aýdýar. – Ol Daşkent şäherine gidip, yzyna dolanmaly bolýar. Ilki başda terjimeçi bilen geldi, soňra biziň aramyzda ýaşap, özbek dilini öwrendi. Ol öň gymmatbaha maşyny kireýine alyp, 50 dollar töleýärdi. Soňra gelnim oňa takside gitmegi öwretdi. 50 dollar gymmat!»
«Özbek naharlary we adamlary meniň göwnüme ýaraýar. Aýratyn-da özbek myhmansöýerligini halaýaryn – diýip, Natsumi gürrüň berýär. – Ýaponiýadaky meniň hossarlarymyň jaýy örän daryşganlyk. Özbegistanda jaýlar giň, bu diýseň gowy. Men seki düşekçede ýatýaryn. Ýaponiýadan ýapon taýajyklaryny getirdim, ýöne Özbegistanda olaryň geregi ýok, bu ýerde men nahary çemçe hem dürtgüç bilen iýýärin».
«Biziň howlymyzda tamdyrymyz bar, onda çörek bişirýärler hem-de et bişirilýär, geçi eti. Ol örän tagamly – diýip, Natsumi oba howlusyny görkezip, onda bar zatlary sanaýar. – Monty ýa-da çuçwara – çorbaly börek ýaly naharlary taýýarlanlarynda, men kömek edýärin. Ýöne tamdyra çörek ýapmagy entek başaryp bilemok. Bu bolsa meniň "kiçijik bakjam", gök önümler we hyýar bar» diýip, howlynyň burçundaky ösümlikleri görkezýär.
Özbegistanda halamaýan zady soralanda, gyz uludan dem aldy:
«Hasaba durmak. Hasaba ýazylmagy halamadym. Munuň üçin köp wagt gerek bolýar we dokumentleri talap edýärler. Men muny halamok – diýip, ol belleýär. – Onsoňam Özbegistanda häli-şindi elektrik togy kesilýär. Ýaponiýada çyralar hiç haçan öçürilmeýär».
Natsumi dissertasiýasyny goransoň, Özbegistana hökman dolanjakdygyny wada berýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.