Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy gullugy 31-nji awgustda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynda bir jemgyýetçilik awtobusynda dörän ýangyny wagtynda söndürip bilmedi diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berdi.
Bu waka etrabyň Magtymguly şa ýoly bilen Atamyrat Nyýazow şa ýolunyň arasynda ýerleşýän 6-njy etrapçasynda bolup geçýär.
“Ýangyn söndürijiler wakanyň bolan ýerine ýarym sagatdan gowrak wagt soňra geldiler. Ýangyn söndüriji ulagyň çeleginde ýeterlik mukdarda suw ýok ekeni, soňra ikinji ýangyn söndüriji ulag geldi, oňa çenli awtobus ýanyp gutardy. Halas edijiler awtobusyň ýanyp gutaran demir gapyrjagyna suw sepeläp gitdiler” diýip, şaýatlar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Wakada şikes alan ýa-da heläk bolan adamlaryň bolup-bolmanlygy barada maglumat ýok.
Azatlyk Radiosynyň bu waka boýunça Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy gullugyndan teswir almak synanyşygy başa barmady.
“Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri öz wagtynda gelip bilmediler emma olar ýaşaýyş jaýlarynyň howlusynda kimdir biri çişlik bişirmek üçin ot ýaksa, dessine gelip, haýal etmän ýerli ýaşaýjylara jerime ýazýarlar” diýip, paýtagtly ýaşaýjylar aýdýar.
Degişli maglumat Çärjewiň 29-njy orta mekdebinde ýangyn dörediAzatlyk Radiosyna gelip gowşan foto suratlar bir jemgyýetçilik awtobusynda dörän ýangyny görkezýär, ýöne redaksiýa, howpsuzlyk aladalary sebäpli, bu suratlary çap etmekden saklanýar.
Ýurduň içeri işler edaralaryny ýakyndan yzarlaýan ýerli çeşmeler paýtagtyň ýangyna garşy göreş düzümlerindäki korrupsiýa hadysalarynyň, şol sanda garyndaşparazlygyň we tanyşparazlygyň hünär taýdan ýetişigi pes kadrlaryň işe kabul edilmegine getirýändigini, netijede gullugyň işiniň bökdelýändigini aýdýarlar.
Ýerli ýaşaýjylar halas edijileriň bir gün işläp, üç gün dynç alýandyklaryny, olaryň zähmet haklarynyň takmynan 4 müň manat töwereklerindedigini aýdýarlar.
Bu töleg walýutanyň resmi alyş-çalyş bahasy boýunça takmynan 1140 ABŞ dollaryna, gara bazaryň bahasy boýunça, çen bilen, 210 dollara barabar bolýar.
Türkmenistanyň şertlerinde hödürlenýän şeýle möçberlerdäki zähmet haklary we dynç alyş mümkinçilikleri halas edijileri işe höweslendirmegi, ýangyn howpuny azaltmagy göz öňünde tutýar.
Ýöne degişli düzümleriň kadr üpjünçiliginde ýol berilýän korrupsiýa hadysalary ýangyn howpsuzlygyna howp abandyrýar.
Degişli maglumat Hazaryň 1-nji mekdebinde ýangyn döredi“Adamlar ýangyn howpsuzlygy gullugyna telim gezek jaň etdiler, ýöne muňa garamazdan, [ýangyn söndürijiler gijä galdylar]” diýip, Aşgabatda dört gün ozal bolup geçen ýangyn hadysasynyň şaýatlary aýdýar we ulaglaryň ýangyna garşy suw çelekleriniň boş getirilendigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirýärler.
Içeri işler edaralarynyň işinden habarly çeşmeler ýangyn howpsuzlygy gulluklarynda işgärlerden her gün ulaglaryň suw çeleklerini dolduryp goýmagyň talap edilýändigini, muňa garamazdan, ýangyn hadysalary ýüze çykan halatynda ulaglaryň çelekleriniň boş ýa-da ýarym boş bolýan halatlarynyň gaýtalanýandygyny aýdýarlar.
Üstesine, bu düzümde diňe bir ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilmezligi, ýa-da kadrlaryň garyndaşparazlyk, tanyşparazlyk ýa-da para-peşgeş bilen işe kabul edilmegi däl, eýsem, çeşmelere görä, beýleki käbir korrupsiýa hadysalary hem ýangyn howpsuzlygy gullugynyň öz üstüne alan wezipelerini talabalaýyk berjaý etmegini bökdeýär.
“Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň käbir işgärleri öz wezipelerinden hyýanatly peýdalanyp, dükanlaryň eýelerini we kärhanalaryň ýolbaşçylaryny edara-kärhanalarda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmezlikde aýyplaýarlar we olary gorkuzyp, para soraýarlar” diýip, paýtagtly çeşme aýdýar.
Bu ýagdaý sebäpli, ýangyn söndüriji işgärlere içeri işler edarasy tarapyndan çykarylyp berilýän şahsyýetnamalar olaryň ellerine berilmän başlapdyr.
“Olar dükan eýelerini we önümçilik kärhanalarynyň ýolbaşçylaryny gorkuzyp, uly möçberlerde jerimeleriň ýazyljakdygyny aýdýarlar, ýöne meseläniň para bilen düzedilip bilinjekdigine yşarat edýärler” diýip, çeşme aýdýar.
Degişli maglumat Aşgabadyň “Owadan” merkezinde ýangyn döredi“Şol sebäpden ýangyn söndüriji işgärlere işleýän ýerini tassyklaýan şahsyýetnama berilmeýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde bolup geçýän ýangyn hadysalary barada, şeýle hadysalar ýüze çykan halatynda, haýal etmän habar berýär. Ýöne döwlet mediasy we hökümet gözegçiligindäki elektron neşirler şeýle habarlary agzamaýar.
Azatlygyň habarçylary soňky sapar awgustyň başlarynda Hazar deňzindäki nebit platformalarynyň birinde, iýun aýynda Çärjew etrabynyň bir orta mekdebinde, Kaka etrabynyň bugdaý meýdanlarynda hem-de Daşoguz welaýatynyň ösümlik ýag zawodynda ýüze çykan ýangyn hadysalary barada habar berdiler.
Ýerli ýaşaýjylar tanyş-biliş, ýa-da para-peşgeş bilen işe kabul edilen halas edijileriň ýangyn hadysalaryna garşy talabalaýyk göreşip bilmeýändiklerini, şeýlelikde jemgyýetiň asudalygyna hem-de abadançylygyna howp abanýandygyny aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.