Türkmenistan boýunça awtoulag ýangyjynyň gytçylygy dowam edýän mahaly, Türkmenabat – Mary awtomagistralynyň ugrunda ýerleşýän bir ýangyç bekediniň öňünde 4-nji oktýabrda üç kilometre çenli uzap gidýän awtoulag nobaty emele geldi diýip, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky çeşmeleri habar berýär.
“Benzin gytçylygy oktýabr aýynyň başlarynda gaýtadan emele geldi. Ýangyç beketlerinde diňe A80 görnüşli benzin bar; A92, A95 we EKO93 görnüşli benzinler düýbünden ýok” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy çeşmeleri sitirleýär.
Türkmenistanda indi ençeme aýlardan bäri awtoulag ýangyjynyň gytçylygy dowam edýär. Ýangyç beketleriniň öňünde emele gelýän awtoulag nobatlary barada ýurduň dürli künjeklerinden yzly-yzyna habarlar gelip gowuşýar.
“Türkmenistanyň hronikasy” neşiri hem geçen hepde 30-njy sentýabrdan bäri Lebap welaýatynyň ýangyç beketlerinde A92 we A95 görnüşli ulag ýangyjynyň ýokdugyny habar berdi.
Neşire görä, 1-nji oktýabrda Türkmenabat şäheriniň ýangyç beketleriniň birinde turan dawa-jenjellerden soňra, bu desgalarda polisiýa ofiserleri nobatçylyk çekip başlapdyr.
Azatlyk Radiosyna gelip gowşan bir wideoda Lebap welaýatyndaky ýangyç beketleriniň birinde emele gelen uzyn awtoulag nobatyny görmek bolýar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Bu wideo nobatlaryň deňinden geçip barýan bir ýolagçy awtobusynyň içinden düşürilipdir. Esasan ýeňil ulaglardan nobatlarda, seýrek hem bolsa ýük ulaglaryny, ýa-da ýolagçy awtobuslaryny hem görmek bolýar.
Üç kilometrden gowrak awtoulag nobatyna 540 çemesi ýeňil awtoulag sygyp biler. Bu bolsa, ýüzlerçe awtoulagyň benzin nobatyna garaşýandygyny görkezýär.
Ýangyç bekedinde emele gelen awtoulag nobatynyň wideosyna Azatlyk Radiosynyň web sahypasynda tomaşa edip bolýar.
“Şeýle nobatlary Türkmenabat şäherindäki ähli ýangyç beketlerinde, şeýle-de etraplardaky beketlerde görmek bolýar” diýip, Çärjew, Saýat, Hojambaz we Dänew etraplaryndaky çeşmeler habar berýär.
Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary dowam edýän ýangyç gytçylygynyň arasynda şäheriň köçelerinde hususy awtobuslaryň seýrekleşendigini, hususy taksileriň ýol kireýleriniň bolsa iki esse ýokarlanandygyny aýdýarlar.
“Pagta möwsümi diýip, döwlet awtobuslarynyň ählisini ýygyma ugratdylar. Indi, benzin gytçylygy zerarly, şäheriň köçelerinde hereket edýän hususy awtobuslaryň sany hem azaldy” diýip, türkmenabatly çeşme aýdýar.
“Şäher içindäki taksiler adatça 5 manat ýol kireý alýardy. Häzir 10 manada razy bolsalar, begenýärsiň. Dänewe gatnaýan taksiler adam başyna 20 manat alýardylar, şu günler 40 manat alýarlar” diýip, beýleki bir lebaply ýaşaýjy aýdýar.
Ýangyç gytçylygy gaýragoýulmasyz saglyk hyzmatlarynyň işine hem täsir etdi, Lebap welaýatynyň sebit merkeziniň Tiz kömek gullugyndaky bir çeşme ýangyç gytçylygy sebäpli, özleriniň ulaglaryna berilýän ýangyjyň möçberleriniň hem azaldylandygyny aýdýar.
Degişli maglumat Beketlerde emele gelýän awtoulag nobatlary birnäçe sagatlap dowam edýär, benzin gytçylygy ýitileşýär“Emele gelen ýangyç gytçylygy biziň işimize hem täsir etdi. Bize çäklendirilen görnüşde ýangyç berip başladylar. Emma berilýän ýangyjyň mukdary heniz problema döretmeýär. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň welaýat bölüminden tiz kömek ulaglarynyň işi boýunça dil üsti duýduryşlar gelip gowuşdy. “Benzin gytçylygynyň näçe wagt dowam etjegi näbelli, tiz kömek ulaglaryny hem haçana çenli ýangyç bilen üpjün edip biljegimiz belli däl. Sürüjiler biz zat edip, öz günlerini özleri görsünler” diýip, dil üsti habar berildi” diýip, tiz kömek gullugyndaky çeşme aýdýar.
Ýangyç serişdelerine baý Türkmenistanda soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýangyç gytçylygy ýygy-ýygydan emele gelip başlady. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli künjeklerinde, hususan-da, tomsuň başlaryndan bäri yzygiderli ýitileşýän ýangyç gytçylygy barada habar berip gelýärler. Iýul aýynda Lebap welaýatynda her bir awtoulaga berilýän ýangyjyň möçberiniň 10 litre çenli azaldylyp, çäklendirilen görnüşde satylan halatlary boldy. Bu möçber awgust aýynyň dowamynda Mary welaýatynda 20 litre çykaryldy. Ýöne habarçylarymyz ýurt boýunça saklanyp galýan ýangyç gytçylygy barada iýun, iýul, awgust we sentýabr aýlarynda yzygiderli habar berdiler.
Azatlyk Radiosy ýangyç beketlerinde emele gelen ýagdaýlar boýunça “Türkmennebitönümleri” kärhanasyndan resmi teswir alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.