Türkmenistanda aşa ýagynly günler saklanýar. 8-nji maýdan bäri ýagýan ýagyş paýtagtda we onuň golaýyndaky ýerlerde ýerli ilatyň durmuşyny kynlaşdyrdy.
Soňky günlerde paýtagtda güýçli ýagyş-ýagmyrly howa 8-nji maýdan bäri saklanyp galýar.
Paýtagtyň demirgazyk böleginde Çoganlyda ýagyş bilen garyşykly buz ýagdy. Çarşenbe güni howada peýda bolan buzuň ululygy 4-5 santimetre ýetdi we onuň ýagmagynyň netijesinde aýnalara we käbir awtoulaglaryň daşky görnüşine dürli zyýan ýetdi.
"Buz ýagan ýerlerde duran köp awtoulagyň demir örtüginde buzuň düşen ýerlerinde oýuk emele geldi, ýemşirildi. Zyýan çeken awtoulaglaryň käbirinde öňündäki we yzky aýnalary çap açdy" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz gürrüň berýär.
Degişli maglumat Aşgabatda we Türkmenabatda ýagan güýçli ýagyş köçelerde we ýerzeminlerde suwlaryň üýşmegine getirdiTebigy hadysa zerarly ençeme awtoulag eýesi maddy zyýan çekipdir.
Emma habarçymyz tebigy hadysadan ejir çekenleriň ilkinji nobatda pyýadalar bolandygyny belleýärler.
Aşgabadyň köçelerinde awtobus duralgalarynda jemgyýetçilik transportyna garaşyp duran ýolagçylar we barmaly ýerlerine baryp bilmedik ýaşaýjylar dürli kynçylyklar bilen ýuzbe-ýüz bolupdyr.
"Duralgada awtobuslara garaşýan ýolagçylar awtobus gelen wagty onuň tigiriniň astyndan serpigýän tolkunlaryň içinde ýöräp, topugyndan hem ýokarsyna çenli ýetýän suwa giri ulaga münmeli boldular. Ulularyň we çagalaryň aýakgabynyň içi laý-palçyk suwdan dolup olar şeýdip, awtobusyň basgançagyndan galmaly boldular" - diýip, habarçymyz öz görenlerini gürrüň berýär.
Onuň sözlerine görä, adamlar awtobusyň içinde bolan wagtynda we awtobusdan düşüp, barmaly ýerlerine baranlarynda olaryň köwüşleriniň içi heniz suwdan dolup, suw daşyna dökülýärdi.
Ýagyşly howa zerarly paýtagtda pyýada ýolagçylar hem uly kynçylyklary başdan geçirdiler.
Köçeleriň käbir böleklerinde pyýadalar üçin niýetlenen geçelgelerde aşa köp suw üýşüp, ýörär ýaly bolmansoň, adamlar esli ýöräp, aýlanyp, sowa ýollary gözlemeli bolupdyr.
"Käbir pyýadalaryň deňinden geçip barýan awtoulaglaryň suwuň çuňrak ýygnalan ýerlerinde säginmän, bat bilen sürüp geçen halatlary hem köp boldy. Ulagyň daş-töweregine serpilen hapa suwyň pyýadalar üçin geçelgelerden ýöräp barýan pyýadalaryň üst-başyny hapalady. Şeýle awtoulaglaryň sürüjilerine paýyş sözleri gygyryp galýan ýolagçylar hem duş gelýär" diýip, habarçymyz gürrüň berdi.
Aşgabadyň awtoýollarynda we pyýadalar üçin geçelgelerde ýagyş suwunyň üýşmegi bilen bir hatarda ýagyş we ýerasty suwlaryny sygdyryp bilmedik ýerzeminler we kanalizasiýa çukurlary hem lagym suwlaryndan dolupdyr.
Lagym suwlar kanalizasiýa çukurlarynyň daş-töweregine akýar.
Habarçylar Aşgabadyň köçelerinde üýşýän suwuň gaty bulanyk we hapadygyny belleýärler.
Howa maglumatlaryny çap edýän "Meteožurnal" neşiri soňky güýçli ýagyşlaryň Aşgabadyň 2022-nji ýylda gurlan sil suwlaryndan gorag desgalary üçin ilkinji synag bolandygyny habar berýär.
Neşir käbir sputnik suratlaryny çap edip, suratlarda, sil suwlaryny toplamak üçin niýetlenen ähli howdanlarda bir-iki gün ozal suwuň bolmandygy we soňky günlerde sil suwlarynyň ep-esli mukdarynyň ýygnandygyny belledi. Maglumata görä, sputnik suratlaryndan çen tutulsa bu suw howdanlarynda 2022-nji ýylda işe girizileli bäri şeýle mukdarda köp suw ilkinji gezek ýygnanypdyr.
Degişli maglumat Lebaply daýhanlar: Häkimiýetler ýagşyň netijelerinden aman galmaga kömek etmeýärŞeýle-de maglumatda sil suwlaryny ýygnaýan bu akymyň iň uly göwrümli däldigi bellenýär we adatça birnäçe jülgeden gelýän suw silleriniň birleşip akýan kanallaryň has uly suw akymyny emele getirýändigi aýdylýar.
"Meteožurnal" neşiriniň maglumatyna görä, 8-nji maý agşamyndan 9-njy maý agşamyna çenli bir gije-gündizde bir ýylyň ýagyş normasynyň 22% -i ýagypdyr. Aşgabatda bu 47 millimetre barabar bolupdyr, şol sanda 12 sagatda 28 millimetr ýagyş ýagypdyr. Paýtagtda ýagyş 9-njy maýda agşam we 10-njy maýa geçen gije dowam edip, ýagyş suwunyň mukdaryny hasam artdyrypdyr.
Soňky günlerdäki ýagyş we ýagynyň netijeleri barada Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde maglumat çap edilmedi.
Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylaryna görä, welaýatlarda ýagyn zerarly ekin meýdanlaryny suw basyp, hasyla zyýan ýetiripdir we oba hojalyk işlerini kynlaşdyrypdyr.
Degişli maglumat Kerkiniň ýaşaýjylary ýagyş suwlaryndan zyýan çekdiGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.