WSJ: Russiýa Kursk sebitine Ukrainadan esger geçirýär

Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň Kursk sebitindäki hüjümine garşy durmak synanyşygynyň arasynda, Russiýa käbir goşun bölümlerini Ukrainanyň çäginden çykarýar diýip, "Wall Street Journal" gazeti amerikan resmilerine salgylanyp habar berýär.

Olaryň sözlerine görä, bu ukrain goşunynyň Russiýanyň çägindäki harby operasiýasynyň Moskwany Ukrainada alyp barýan giň gerimli urşuna gatnaşýan esgerleriniň bir bölegini Ukrainadan çykarmaga mejbur edendigini görkezen ilkinji alamatydyr.

Amerikan analitikleri Russiýa näçe goşun bölüminiň geçirilýändigi we munuň Ukrainadaky söweşlere nähili täsir edip biljekdigi barada häzirlikçe belli bir netijä gelmediler.

Emma rus goşun bölümleriniň Ukrainadan Kursk sebitine geçirilmegi ukrain wekilleriniň Russiýanyň çägindäki operasiýanyň Moskwany Ukrainadaky söweş meýdanyndan goşun çykarmaga mejbur edendigi barada aýdan sözleriniň dogrudygyny tassyklaýar.