Ýylyň jemleri: Taryhyň gözli şaýady - 2017
Kalyniwka ýarag ammarynda bolan partlama
Merkezi Ukrainanyň Kalyniwka şäheriniň daşynda ýerleşýän we tonnalarça ok-däri, şol sanda raketa saklanýan harby bazanyň ýarag ammarynda dörän partlamada, ot-alaw asmana galýar. 27-nji sentýabr, 2017. Suratçy: Gleb Garaniç/Reuters
Ulagda gijesi bilen ýol söküp polisiýanyň birnäçe barlag nokadyndan geçen Reutersiň suratçysy Gleb Garaniç we onuň wideoçy kärdeşi daň şapagynda, asmanda gaýmalaýan raketalara näçeräk golaýlaşandyklaryny anyklamagyň amatyny gözleýärler. Garaniç AÝ/AR bilen söhbetdeşlikde “haçan-da biziň ulagymyzyň 200 metr gapdalyndaky otluk meýdana Uragan raketasynyň demir parçalary gelip düşende, biz wakanyň nä derejede alkymyna barandygymyza düşünip galdyk. Bu biziň mundan öte geçmeli däldigimiziň alamatydy” diýdi.
Pawal Konowalçik Rok Za Bobrowda tans edýär
Pawal Konowalçik Minskiniň golaýynda geçirilen “Rok Za Bobrow” festiwalyna gatnaşýan märekäniň depesinde, maýyplar üçin kolýaskasynda tans edýär. 22-nji iýul, 2017. Surat: Aleksandr Kandybo/ Rock Za Bobrov
“Dai Doroga” (Ýol ber”) atly aýdym-saz topary Rok Za Bobrow saz festiwalynda sahna çykanda, Konowalçik sahna golaýlaşmak üçin, öz ýolunyň aladasyny edýärdi. Maýyplar üçin niýetlenen kolýaskada tomaşa seretjek bolýan aýdym-sazyň janköýeri “geçeýin” diýip, adamlaryň arasynda öňe süýşüp barýardy. Sahnanyň alkymynda duran suratçy Aleksandr Kandybo ony üns bilen synlap durka, birtopar nätanyş adam Konowalçigiň kolýaskasyndan tutup, ony depelerinde göterdiler.
Mohammed Anis Aleppoda ýumrulan öýünde saz diňleýär
70 ýaşyndaky adam Alepponyň Al-Şar etrabynda ýerleşýän ýumrulan jaýynda gramofon diňläp, müşdügi bilen temmäki çekýär. 9-njy mart, 2017. Surat: Josef Eid /AFP
Tekst: Siriýanyň graždanlyk urşunyň haos we galmagalynyň arasynda, asudalygyň lezzetini alýan, ynha, şu garryja adam dünýäniň ünsüni özüne çekdi.
Onuň ady Mohammed Anis. Ol kosmetik kärhanasynyň üsti bilen köp girdeji gazandy. Gazanan girdejileriniň ep-esli bölegini klassiki maşyn kolleksiýasyny döretmek üçin harçlady. Anis hatda gozgalaňçy söweşijilere özüniň 1958-nji ýylda öndürilen “Chevrolet” ulagyna howa hüjümlerine garşy ýaragy oturtmazlygy sorap, köp tagalla edendigine garamazdan, onuň ýygnan 24 ulagynyň köpüsi uruşda zaýalandy. AFP-niň fotosuratçysy Josef Eid bilen onuň žurnalist kärdeşi Anis 70 ýaşly Anise duşanlarynda, ol bulary gowgaly uruş döwründe özüniň içinde ýaşamakdan ýüz öwren jaýyna çagyrýar.
ABŞ-daky protestçi
Kandi Friman Nýu-Ýorkdaky Tramp diňiniň öňünde “Garaýagyzlaryň durmuşy wajyp” şygary astynda geçirilen protest çärelerine gatnaşýar. 14-nji ýanwar, 2017. Stefani Keit/Reuters
Tramp diňiniň önünde ýadaw geçen günüň aýagynda, prezidentiň gelerine garaşýan media işgärleri goşlaryny ýygnap, öýlerine şaýlanýardylar. Fotosuratçy Stefani Keit AÝ/AR bilen telefon arkaly geçirilen gürrüňdeşlikde: “Men şol güni Reuters üçin surat alýardym. Meniň ýadyma düşýär, şonda AP-niň işgäri maňa ‘Sizem gaýdyberiň!’ diýdi. Sebäbi özüňizem bilýäňiz, Reutersiňkiler gaýtsalar AP-niň işgärlerem gaýdyp bilýärler”.
Las Wegasdaky atyşyk
Newada ştatynyň Las Wegas şäherinde geçirilen “Route 91 Harwest” aýdym saz-festiwalynda konsert diňlemäge baranlar ok atyşygyna reaksiýa görkezýärler. 1-nji oktýabr, 2017. Foto: Dewid Beker/AFP
Birleşen Ştatlarda bolup geçen iň gandöküşikli atyşyga şaýat bolşy barada ýatlanda, fotosuratçy Dewid Beker bolýan zatlary kabul edip bilmän ekeni. Goh-galmagaly eşidip media işgärleriniň bolýan çadyryndan nämeler bolýandygyny anyklamak üçin daşaryk çykanda, oňa howpsuzlyk garawuly eşidilýän sesler barada “bozuk ses enjamlaryndan gelýän sesdir” diýip aýdypdyr. Ştatdan daşary fotosuratçy AÝ/AR bilen Las Wegasdan telefon arkaly gepleşende: “Men gaçyp barýan adamlary suraty düşürip ýörkäm bir tarapdanam “bozuk ses enjamyndan gelýän ses ahyryn” diýip pikir edýärdim. Iň bolmanda, öz-özüme men şeýle diýýärdim. Hopugan adamlaram çar ýana gaçyşyp, öz janlaryny halas etmek bilen başagaýdylar.
Şäherden gaçyp barýan Musulyň ýaşaýjysynyň üstünde partlaýjy barmy diýip barlanýar
Musulyň Yslam döwleti ekstremist toparynyň gözegçiligindäki böleginden çykyp barýan adamy Yragyň ýörite güýçleriniň harbysy barlaýar. 4-nji mart, 2017. Foto: Goran Tomasewiç/Reuters.
3-nji mart güni Reutersiň fotosuratçysy Goran Tomasewiç zordan ölümden halas boldy. Ol yrakly esgerler Yslam döwleti söweşijileriniň gözegçiligindäki etrapda jeňçileri agtarýarka atyşyga şaýat boldy. Haçan-da, taraplaryň arasynda agyr ok-atyşygy başlanda, olar jaýa bukuljak bolýar we şonda Tomasewiç bir esgeriň atylyp öldürilişini görýär. Içeri girensoň onuň gürrüňdeş bolup oturan esgerini Yslam döwletiniň snaýperçisi atyp öldürýär. Soňra ýaňy garaňky düşüp başlanda guşagy bombaly bir janyndan geçen olaryň oturan jaýyna girjek wagty ol Tomasewiçiň gözüniň öňünde atylyp öldürilýär.
Putin ýagşyň astynda
Sowet Soýuzyna faşistleriň eden hüjüminiň 76-njy hatyra ýyldönümine gatnaşýan rus prezidenti Wladimir Putin Näbelli esgeriň mazarynyň öňünde hormatly dymyşlygy berjaý edip, ýagşyň astynda ezilýär. 22-nji iýun, 2017. Foto:: Alekseý Družinin/Kreml – Reuters arkaly
22-nji iýunyň daňy Moskwada çigrek we ýakymsyzdy. Fotosuratçy Alekseý Družinin Moskwanyň merkezindäki Baky oduň ýanyna baranda, günüň şöhleleri Kremliň diwaryny çoýýardy. “Howa günuzyn güneşli boljaga meňzeýärdi” diýip, suratçy şol güni ýatlaýar.
Putiniň prezident administrasiýasynda surata düşürýän suratçy feýsbuk arkaly AÝ/AR-a beren gürrüňinde “Rus resmileri çemenli güle golaýlaberenlerinde “asmandan çelekden dökülen ýaly ýagyş guýup başlady we tä rus prezidenti şol ýerden aýrylýança yzyny üzmän guýup durdy. Putiniň gitmeginden 15 minut soň dyndy.
Nawalny. Zelýonka.
Moskwadaky konferensiýa zalynyň öňünde näbelli hüjümçiniň “zelýonkaly” hüjümine duçar bolan rus oppozision lideri Alekseý Nawalny surata düşýär. 27-nji aprel
“Bu gülkünç görünýändir, ýöne gaty erbet agyrýar” diýip, Alekseý Nawalany birnäçe aýyň dowamynda ikinji gezek, ýöne bu sapar “zelýonkaly” hüjüme duçar bolansoň twitter hasabyndan ýazdy. Nawalnynyň portretini surata alan Ýewgeniý Feldman üçin bu suratçynyň hasaba alyp dokumentleşdireni Nawalna edilen iň soňky hüjümdi. Feldman AÝ/AR bilen Skype arkaly gürrüňdeşlikde: “27-nji aprelden öň iki aýlap, biziň Orsýetiň şäherlerinde kampaniýa maksatly eden saparlarymyzyň ählisinde ýa zelýonka bilen, ýa syýa bilen, ýa ýumurtga bilen hüjüm edildi” diýdi.
Sawçenko parlamentde
Ukrain kanunçykaryjysy Nadia Sawçenko Kiýewde parlamentde geçirilýän sessiýanyň dowamynda geşliksiz hereket edýär. 22-nji iýun, 2017. Foto: Wladislaw Musiienko/Reuters
Haçan-da, Orsýetde türmä basylanda ele salnan Ukrain harby nawigoty rus agressiýasyna garşy Ukrainanyň güýjüniň simwolyna öwrülipdi we onuň sud diňlenişiň dowamynda rus sudýasyna garşy eden hereketi giňden gutlanypdy. Ýöne onuň şol bir hereketi ukrain parlamentinde gaýtalamagy o diýen meşhurlyk gazanmady.
Sawçenkonyň Ukraina dolanyp, gahrymanlarça garşy alynmagyndan bir ýyl geçensoň, 22-nji iýunda fotosuratçy Wladislam Musiienko parlamentde geçirilýän sessiýada surata düşürýärdi. Maslahat zalynda birden gykylyk sesleri ýaňlandy.
Gazagystandaky Altyn-Emel goraghanasynda çäge tupany
Gazagystanyň Altyn-Emel goraghanasynda çäge tupany turýar. 30-nji aprel, 2017. Foto: Alesýa Osadçaýa
Alesýa Osadçaýa gündogar Gazagystanyň meşhur “gum depelerini” görmek üçin Moskwadan ýörite barýar, ýöne çöle meňzi soluk barýar. Weterinarlary okadýan öwrenje fotosuratçy AÝ/AR bilen telefon söhbetdeşliginde: “şemal gum depeleriniň 20 metr dagy üstünde çäge bulutlaryny döredipdi” diýdi. Şemal şol gün örän güýçlüdi. Goraghananyň sakçysy ulgam-ulgam gum depeleri turistler üçin howpsuzmy diýip barlamak üçin, ilki özi olaryň üstüne çykyp gördi. Ol aşak düşüp gelýärkä şemal şuwwuldap, çäge bulutlaryny asmana tänderdi we suratdaky görnüş emele geldi. Geň ýagdaý, sakçy hemme zat ýerbe-ýer, gorkara ýagdaý ýok diýen netijä geldi, ýöne 20 minut soň 1.5 metrlik Osadçaýa gum depelerine çykjak bolanda, şemal zerarly tas aýagyndan dynypdy.