Wengriýanyň Orbany Tramp bilen “parahatçylyk missiýasyny” maslahat etdi

Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban (çepde) we Donald Tramp

11-nji iýulda Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban ABŞ-da Donald Tramp bilen duşuşyp, “parahatçylyk mümkinçiliklerini” maslahat etdi diýip, Ukrainada ok atyşyklaryň bes edilmegi ugrunda tagalla edýän premýer-ministriň metbugat wekili aýtdy.

Orbanyň “parahatçylyk missiýasynyň nobatdaky duralgasy hökmünde, olar Trampyň Floridadaky Mar-a-Lago öýünde duşuşdylar diýip, metbugat wekili aýtdy we “gepleşikleriň dowamynda parahatçylyk mümkinçilikleriniň maslahat edilendigini” sözüne goşdy.

Soňky iki hepdäniň dowamynda milletçi lider we Trampyň uzak wagtdan bäri goldawçysy Orban özüniň yglan eden “parahatçylyk missiýasynyň” çäginde, öňünden yglan edilmedik sapar bilen Kiýewde, Moskwada we Pekinde boldy.

Bu NATO ýaranlarynyň nägileligine sebäp boldy. Onuň Moskwada rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygy, NATO ýaranlarynyň käbirinde hasam köp närazylyk döretdi. Olar Günbataryň Putiniň Ukrainadaky alyp barýan urşy sebäpli ony izolirlemek ugrunda tagalla edýän pursady, bu saparyň oňa kanunylyk berendigini nygtadylar.