Wengriýa türkmen gazynyň Ýewropa Bileleşigine iberilmegine gyzyklanma bildirýär. Bu mümkinmi?

Wengriýanyň daşary işler ministri Peter Siýýarto. Arhiw suraty

“Türkmenistan Ýewropanyň energetika bazaryna girse, bu Ýewropanyň bähbidine bolar” diýip, Wengriýanyň daşary işler ministri Peter Siýýarto 9-njy iýunda ýokary derejeli wenger wekiliýetiniň Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda aýtdy. Wengriýanyň daşary syýasat başlygy Ýewropa Bileleşigini Türkmenistan bilen ýakyn energetika hyzmatdaşlygyna çagyrdy.

Premýer-ministr Wiktor Orban 8-9-njy iýunda resmi sapar bilen Aşgabatda bolup, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Türkmen-wenger gepleşikleriniň yz ýany, taraplar medeni-ynsanperwer ugurlarda, şol sanda syýahatçylyk, ylym-bilim we medeniýet ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe resminamalara gol çekdiler.

Wengriýa Ýewropa Bileleşiginde dowam edýän energetika krizisine çözgüt hökmünde Bileleşigi gaz importlarynyň möçberlerini artdyrmaga, bu ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çagyrdy.

“Biz wengriýalylar köpri bolup, hereket etmekden hoşal bolarys. Biz Türkmenistanyň Ýewropanyň energetika bazaryna girmegine gyzyklanma bildirýäris...” diýip, wenger mediasy Siýýartonyň sözlerini sitirleýär.

Wenger resmisi türkmen gazyny Ýewropa Bileleşigine ibermekde bar bolan käbir problemalara hem ünsi çekdi, şol sanda Ýewropa Bileleşigini Türkmenistan bilen arada 25 ozal gol çekilen Bileleşik we Hyzmatdaşlyk şertnamasyny güýje girizmäge çagyrdy.

Degişli maglumat "Gazpromyň" türkmen gazynyň Transhazar arkaly iberilmeginiň öňüni baglaýandygy aýdylýar

Siýýarto türkmen gazynyň Ýewropa ýurtlaryna iberilmegi üçin Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda uzynlygy 300 kilometre, ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metre barabar boljak geçirijiniň gurulmaladygyny aýtdy.

“Muny gurmaga isleg bar, ýöne ýeňil bolmadyk käbir hukuk meseleleri çözülmeli” diýip, wenger syýasatçysy aýtdy.

Azatlyk Radiosy 12-nji iýunda türkmen gazyny Ýewropa ýurtlaryna ibermek mümkinçilikleri we Türkmenistanyň energetika ulgamyndaky halkara gatnaşyklary dogrusynda düýbi Britaniýada ýerleşýän “Methinks” energiýa howpsuzlygy barlag guramasynyň bilermeni Jon Roberts hem-de Glasgow uniwersitetiniň professory we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermen Luka Ançeski bilen söhbetdeşlik geçirdi.

“Ideal dünýäde Ýewropa Bileleşigi türkmen gazyny almak islärdi. Ýöne bu ýerde problema – dünýä ideal däl. Türkmen gazyny daşamakda bir topar problema bar, meselem, infrastrukturanyň gymmat bolmagy, olardan diňe biri. Üstesine, häzirki döwürde Ýewropa Bileleşigi klimat krizisi sebäpli ýangyç serişdeleri bilen ilteşikli iri infrastruktura taslamalaryna maýa goýmaga isleg bildirmeýär. Bu bolsa [türkmen gazyny Ýewropa ibermekde] iň uly problema” diýip, energetika bilermeni Jon Roberts aýtdy.

Türkmenistan Hazarüsti gaz geçiriji taslamasy arkaly Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä, ondan aňry, Ýewropa ýurtlaryna tebigy gaz eksport etmäge isleg bildirip gelýär. Ýöne Hazar deňziniň töweregindäki “ekologiýa meseleleri”, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi bilen bagly problemalar, galyberse-de, göz öňünde tutulýan gaz geçiriji taslamasynyň maliýeleşdirilmegi ýaly meseleler sebäpli geçiriji taslamasyna henize çenli girişilmedi.

Jon Robertse görä, Türkmenistan sebit ýurtlarynyň arasynda bar bolan häzirki infrastrukturanyň üsti bilen iň köp 5 milliard kub metr tebigy gazy Azerbaýjanyň üstünden Ýewropa iberip biler. Muňa bolsa, ekspertiň ynanjyna görä, türkmen hökümeti isleg bildirmeýär, az görýär.

“Bu mukdar häzirki bar bolan infrastrukturanyň üsti bilen, gysga möhletde, aýdaly, öňümizdäki 6 ýa-da 12 aýyň içinde iberip boljak mukdardyr” diýip, bilermen aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň Ukraina çozmagynyň yz ýany, Moskwa garşy girizen ykdysady sanksiýalarynyň fonunda özüniň energetika importlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda tagalla edýär.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän "Methinks" energiýa howpsuzlygy boýunça barlag merkeziniň bilermeni Jon Roberts. Arhiw suraty.

Britaniýaly bilermen häzirki wagtda Günorta gaz koridorynyň geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça meýilnamalaryň işlenilip düzülýändigini, ýöne şeýle maksatnamalaryň esasan Azerbaýjanyň gazyny Ýewropa ibermäge gönükdirilýändigini aýtdy.

“[Ulgamyň geçirjilik kuwwaty giňeldilen halatynda hem], iň köp bolanda, maksimum 12 milliard kub metr türkmen gazyny kabul edip, geçirip bolar” diýip, Roberts aýtdy.

Wengriýanyň daşary işler ministri türkmen gazyny Ýewropa ibermek üçin, Hazar deňziniň üsti bilen uzynlygy 300 kilometre barabar boljak täze gaz geçirijiniň çekilmelidigini aýdýar.

Britaniýaly bilermen şeýle geçirijiniň tehniki taýdan mümkindigini aýdar, ýöne asyl mesele Hazarüsti gaz geçirijisi däl, asyl mesele, bilermene görä, Azerbaýjandan aňry, Türkiýä, ondan aňry Ýewropa çekilen gaz geçiriji ulgamlarynda häzirki wagtda türkmen gazyna ýer ýok.

“Geçirijiniň Hazaryň bir kenaryndan beýleki kenaryna çenli uzynlygy 300 kilometr. Muny tehniki taýdan çekip bolýar. Gaty kyn däl. Ýöne 30 milliard kub metr gazy Azerbaýjandan Ýewropa Bileleşgine çenli nädip daşajak, haýsy ulgam bilen daşajak? [30 milliard kub metrlik goşmaça gazy] daşajak ulgam ýok” diýip, energetika bilermeni aýtdy.

Türkmenistandan 30 milliard kub metr goşmaça gaz satyn almak üçin, Ýewropa Bileleşigi öňki bar bolan geçirijileriň gapdalyndan, täze infrastrukturalary gurmaly, munuň üçin bolsa, bilermeniň çaklamalaryna görä, 10-20 milliard dollar aralygynda maliýe serişdesi bölünip berilmeli.

“Men Ýewropada, Ýewropa Bileleşiginde we Ýewropa Komissiýasynda şeýle taslamany gurmaga islegiň bardygyny görmeýärin” diýip, bilermen aýtdy.

Üstesine, britaniýaly bilermene görä, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigine 5 milliard kub metr ýaly ujypsyz möçberde gaz ibermek bilen bagly ylalaşyklara isleg bildirmezligi, Ýewropa Bileleşigi energetika krizisini, kyn pursaty başdan geçirýän mahaly, Türkmenistanyň öz mümkinçilikleriniň çäginde herekete geçip bilmezligi, Ýewropa Bileleşigini Türkmenistan bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk babatda şübheli çemeleşmäge iterýär.

“Men bir ýagdaýy bellik etmek isleýärin: Ýagny, Ýewropa Bileleşigi energiýa krizisini başdan geçirýän mahaly, türkmenleriň Ýewropa Bileleşigine az mukdarda hem bolsa gaz ibermek bilen bagly ylalaşyklara ýantaşmazlygy, olaryň az mukdar babatda herekete geçip bilmezligi, Ýewropa Bileleşigini Türkmenistan bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk babatda şübheli çemeleşmäge iterýär” diýip, britaniýaly bilermen aýtdy.

Tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýan Türkmenistan häzirki wagtda öz gazyny esasan Hytaý ugry boýunça eksport edýär. Türkmen hökümeti özüniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyryp bilmeýär.

Mundan ozal, 2023-nji ýylyň fewralynda Russiýanyň türkmen gazynyň Hazar deňziniň üsti bilen Günbatara eksport edilmeginiň öňüni baglaýandygy barada habarlar peýda boldy.

Degişli maglumat Eýran türkmen we rus tebigy gaz serişdelerini islendik ugur boýunça geçirip bermegi teklip edýär

Russiýa Hazar deňziniň töweregindäki ekologiýa aladalaryna salgylanyp, Hazarüsti gaz geçiriji taslamasyny oňlaman gelýär. Synçylar Hazar deňziniň hukuk durumynyň Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen arada gaz geçiriji gurmagyna rugsat berýändigini aýdýarlar.

Ýatlasak, 2018-nji ýylyň awgustynda Hazaryň ýakasyndaky döwletler, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan Hazar deňziniň hukuk durumy boýunça Halkara konwensiýany kabul etdiler.

“Meniň pikirimçe ekologiýa meselesi Russiýanyň taslamanyň öňüni baglamak üçin ulanýan bahanasyndan başga zat däl. Bu kanunçylyk bilen bagly mesele däl, bu güýç syýasaty bilen bagly mesele” diýip, synçy aýtdy.

Wengriýanyň daşary işler ministri Peter Siýýarto Ýewropa Bileleşigini Türkmenistan bilen arada 25 ýyl ozal gol çekilen Hyzmatdaşlyk şertnamasyny güýje girizmäge çagyrdy.

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi 1998-nji ýylda Partnýorçylyk we hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi, ýöne Ýewropa Parlamenti bu dokumenti henize çenli tassyklamady.

Glasgow uniwersitetiniň professory Luka Ançeski 12-nji iýunda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şeýle ylalaşygyň Ýewropa Parlamenti tarapyndan ratifikasiýa edilmeginiň taraplaryň arasyndaky gatnaşyklaryň hukuk binýadyny kämilleşdirjekdigini aýtdy.

“Ýewropa Parlamenti bu dokumenti ratifikasiýa etmezlik kararyna geldi. Şonuň üçin Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda sazlaşykly, töwerekleýin gatnaşyklary ýola goýmak üçin hukuk binýady döredilmedi. Şol jähetden, Wengriýanyň Ýewropa Bileleşgine eden çakylygy örän makul” diýip, professor aýtdy.

Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermen, Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň professory Luka Ançeski. Arhiw suraty.

Wengirýa Türkmenistan bilen bir hatarda Türki Döwletler Guramasyna synçy agza hökmünde gatnaşýar. Şeýle-de, Wengriýa hem Ýewropa Bileleşigine, hem-de dünýäniň iň iri harby ýaranlygyna, NATO ýaranlygyna agza bolup durýar. Wagtal-wagtal Günbataryň demokratik gymmatlyklaryny äsgermezlikde tankyt edilýän wenger hökümetiniň başlygy Wiktor Orban we hökümeti Ýewropa Bileleşigi Geňeşinde gezekli-gezegine amala aşyrylýan wagtlaýyn prezidentlige taýýarlyk görýär.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi wenger wekiliýetiniň Aşgabada amala aşyran saparyny Türkmenistanyň halkara abraýynyň subutnamasy hökmünde görkezmäge çalyşdy.

“Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň has işjeňleşen döwründe Wengriýanyň hökümetiniň baştutanynyň sapary ýurdumyzyň abraýynyň belende galýandygynyň we durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň netijeliliginiň nobatdaky subutnamasydyr” diýip, TDH ýazýar.

Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermen, Glasgow uniwersitetiniň professory Luka Ançeski Wengriýanyň hökümet başlygynyň Aşgabat saparyynyň adaty sapar bolandygyny, döwlet mediasynyň bolsa bu sapary türkmen hökümetiniň şöhratyny dabaralandyrmaga gönükdirendigini aýtdy.

“Bu, maňa görä, adaty gatnaşyk, Ýewropa Bileleşigine agza döwlet bilen Türkmenistanyň arasyndaky adaty gatnaşygyň berjaý edilmegi bolup durýar. Ýöne türkmen mediasy bu sapary režimi şöhratlandyrmak, dabarlandyrmak üçin ulanýar. Elbetde, bu, boş syýasat barasyndaky boş ritorika” diýip, Ançeski aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.