Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäheriniň bazarlarynda bikanun walýuta söwdasy bilen meşgullanýan adamlara garşy polisiýa reýdleri geçirilýär.
Soňky hepdelerde ýygjamlaşyp başlan reýdlerde Türkmenabat şäheriniň esasan üç bazarynda – Gök bazar, 2-nji daýhan bazary we 66-njy bazarda – walýuta söwdasy bilen meşgullanýan adamlar polisiýa tarapyndan nyşana alynýar.
“Walýuta söwdasy bilen meşgullanýan adamlar öňler aç-açan bazaryň derwezesiniň öňünde durup, dollar söwdasy bilen meşgullanardy. Şu hepdäniň başyndan bäri, bu dollarçylar birden ýitirim boldy” diýip, Gök bazaryň bir satyjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Şäher ýaşaýjylary bu bazardaky walýuta söwdagärleriniň käbirleriniň öz durýan ýerlerini üýtgedip, häzirki wagtda bazaryň golaýyndaky maliýe orta hünärmen mekdebiniň gabatlarynda peýda bolup başlandyklaryny aýdýarlar.
Sebitiň içeri işler edaralaryndaky bir çeşme şäherde girişilen reýdler tassyklap, bu ýagdaýa gözegçiliksiz walýuta söwdagärleriniň peýda bolup başlamagynyň sebäp bolandygyny aýdýar.
Degişli maglumat Balkanabatda polisiýa dollar alyp-satýanlara garşy reýd geçirdiŞeýle-de, çeşmämiz soňky wagtlarda peýda bolup başlan täze söwdagärleriň diňe bir ABŞ dollarynyň söwdasy bilen däl, eýsem, özbek somunyň, rus rublynyň hem-de ýewro pul birlikleriniň hem söwdasy bilen meşgullanýandyklaryny aýdýar.
Resmi däl walýuta söwdasy Türkmenistanda administratiw hukuk bozulmasy hasaplanyp, daşary ýurt pullarynyň söwdasy bilen meşgullanýan adamlar polisiýa tarapyndan ele salynsa 1500-2500 manat aralygynda jerime töleglerine sezewar edilýär we olaryň ellerindäki walýuta serişdeleriniň ählisi döwlet haýryna geçirilýär.
Şeýle-de, bu etmiş bir ýylyň içinde ikinji gezek gaýtalanan halatynda, jerimäniň möçberi 2500-5000 manada çenli ýokarlanyp bilýär.
Türkmenistanda ýedi ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda walýutanyň erkin söwdasy hökümet tarapyndan çäklendirildi. Munuň yz ýany, ýurtda walýutanyň gara bazary emele geldi.
Merkezi bank bir dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri 3,5 manatlygynda saklap gelýär. Ýöne gara bazarda onuň bahasy resmi kursdan 5-6 esse ýokary bolmagynda galýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy häzirki wagtda gündogar welaýatyň sebit merkezindäki resmi däl walýuta nokatlarynda bir ABŞ dollarynyň 19,8 manatdan satyn alynýandygyny habar berdi.
“Bir ýewro 20,5 manat, 100 rubl 20 manat, 13 müň som 20 manat” diýip, bir şäher ýaşaýjysy aýdýar.
Sebit ýaşaýjylary soňky wagtlarda güýçlendirilen polisiýa reýdlerine garamazdan, walýutanyň bahasynyň durnukly saklanýandygyny aýdýarlar.
Degişli maglumat Prezidentiň Astanada eden 'howaýy' çykyşy raýatlary 'begendirmedi'Içeri işler edaralaryndaky çeşme soňky wagtlarda peýda bolup başlan “garaşsyz” walýuta söwdagärleriniň “degişli adamlara” hasabat bermeýändigini aýdýar.
Türkmenistanda walýutanyň gara bazar söwdasynyň häkimiýet gözegçiligi astynda alnyp barylýandygyna ynanylýar we hatda ykdysady synçylar, ýokary wezipeleri eýeleýän möhüm adamlaryň ýakyn töwereginiň bu söwdadan peýda görýändigini aýdýarlar.
Daşary ýurtlarda zähmet çekip, yzda galan maşgalalaryna daşary ýurt walýutasyny ugradýan türkmenistanly migrantlar hem öz pullaryny gara bazarda çalyşýarlar.
Ýerli ýaşaýjylar reýdlere garamazdan durnukly dowam edýän walýuta bazarynda daşary ýurt walýutasyny almak ýa-da satmak üçin “hüşgärligi” saklamaly bolýarlar.
“Adamlar esasan tanyş-bilişleriniň kömegi bilen, ýa-da telefon üsti bilen jaňlaşyp, daşary ýurt walýutasyny satýarlar ýa-da satyn alýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýtdy.
“Oglum Türkiýede işleýär we öýe her aý pul ugradanda, dollarçylar öýe manat getirip gidýärler” diýip, beýleki bir türkmenabatly ene aýtdy.
Azatlyk Radiosy walýuta söwdagärlerine garşy girişilen reýdler boýunça ýerli resmilerden düşündiriş alyp bilmeýär.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.