“Wagner” şahsy harby toparynyň ýolbaşçysy Ýewgeniý Prigožin özüniň güýçlerine Moskwa ýörişini dessine bes etmek we Ukrainadaky berkitmelerine dolanmak barada görkezme berendigini aýdýar.
Mundan birnäçe sagat öň, olar Russiýanyň günortasyndaky harby desgalaryň gözegçiligini ele geçirdiler, şeýle-de ýurduň harby ýolbaşçylaryny jogapkärçilige çekmek üçin, Moskwa tarap ýörişe başladylar.
Prigožin soňky kararyndan öň, Kreml ýa-da rus resmileri bilen gepleşik geçirendigini aýdyňlaşdyrmady.
Mundan ozal, Russiýanyň häkimiýetleri “ýaragly pitne” barada mälim etdiler. Olar bu kesgitleme bilen “Wagner” şahsy harby toparynyň söweşijileriniň urkain-russiýa serhedinden geçip, Rostow-na-Donu şäherine girmegini häsiýetlendirdiler. Has ozal, Prigožin rus ýaragly güýçleriniň öz toparynyň pozisiýalaryna zarba urandygyny öňe sürdi.
Prezident Wladimir Putin ýurduň günorta sebitlerindäki ýagdaýlar boýunça Moskwanyň wagty bilen ir sagat 10:00-da telewideniýede çykyş etdi.
Putin bolup geçýän ýagdaýlary “ýaragly pitne”, “dönüklük” atlandyrdy we “ýörite operasiýa döwri özara dawalary gyra atmaga” çagyrdy (Kreml 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ukraina garşy başladan esassyz harby hüjümini “ýörite harby operasiýa” atlandyrýar).
Ol “harby pitnäni” gurnaýjylaryň hökmany jogap bermeli boljakdyklaryny aýtdy. Putin bu barada ýurduň ýaragly güýçlerine we beýleki edarlaryna degişli buýrugyň berlendigini aýtdy.
Putin çykyşynda ýeke gezegem ne Prigožiniň, ne-de “Wagner” şahsy harby toparynyň adyny agzady. Telekeçi Ýewgeniý Prigožin Putiniň ýakyn töweregindäkileriň biri hasaplanýardy. Prigožiniň “Wagner” şahsy harby topary, ýurduň ýaragly güýçleri bilen birlikde Ukrainada söweşdiler.
24-nji iýunda irden “Wagner” şahsy harby toparynyň ýolbaşçysy Ýewgeniý Prigožin özüniň hakyna tutma söweşijileriniň Russiýanyň serhedini geçip, Rostow-na-Donu girendiklerini öňe sürdi. Bu şäher Russiýanyň günorta-günbatar sebitindäki iň iri şäher bolup, ol Günorta federal okrugyň we Rostow oblastynyň administratiw merkezidir.
“Wagner” topary Ukrainanyň territoriýasyndan Russiýa tarap ugrady. Ol Ukrainada Moskwanyň basybalyjylykly hüjüminiň çäginde ukrain harbylaryna garşy söweşýärdi.
Mundan öň, Russiýanyň Goranmak ministrligi Prigožiniň adyndan öz pozisiýalaryna hüjüm edilendigi barada ýaýradylýan habarlaryň ýalandygyny aýtdy. Terorçylyga garşy milli komitet, FSB, Baş prokuratura pitnä çagyryş boýunça jenaýat işini gozgandyklaryny mälim etdiler.