Saýgak keýikleriň ölen obasy
Gazagystanyň Amangeldi Kostanaý regionynyň merkezinden onlarça kilometr uzaklykda Kabyrga obasy ýerleşýär.
Bu obada jemi 34 ýaşaýyş jaýy bolup, olaryň aglabasy ýumrulandyr.
Obanyň ýaşaýjylary öz gün-güzeranyny maldarçylykdan görýär.
Ýaşaýjylar dermanlamak bilen baglanyşykly ýagan ýagyşdan soň, öý haýwanlaryň derisinde "ak çişleriň" emele gelip başlandygyny aýdyp şikaýat edýärler. Olaryň aýtmaklaryna görä, ýokanç kesellerden goranmak maksady bilen geçirilen dermanlamak çäresinden soň, 15 sany göle nämälim keselden ölüpdir.
Näsag guzynyň golaýynda oturan gyzjagazlar. Şol guzynyň eýesi Akerke Amantaýkyzy saýgak keýikler ölenden soň, öý haýwanlaryň näsaglap başlandygyny aýdýar.
Bu iki gatly jaýda bir pensioner zenan ýaşaýar.
Kabyrga obasynda saýgak keýikleriň jaýlanmadyk jesetleri. 8-nji iýun, 2015 ý.