Stokgolm Halkara parahatçylyk barlaglary institutynyň (SIPRI) dünýäniň harby harajatlary barada ýaýradan, geçen ýylky hasabatyna görä, soňky 10 ýylda harby harajatlar 20%-e golaý artypdyr. Stokgolm barlag institutynyň bilermenleri, hususan, 2022-nji ýylyň sanlaryna salgylanýarlar; ýaňy-ýakynda tamamlanan 2023-nji ýylyň maglumatlary entek işlenilýär. Emma üstümizdäki ýyl üçin býujetleriň we öňünden aýdylýan maglumatlaryň möçberlerine görä, 2024-nji ýylyň harby çykdajylary ýokarlanmagyny dowam etdirder, hatda güýçlener. Dünýä uruşlara we olara taýýarlyk görmäge uly möçberde pul harçlamagyny dowam etdirýär.
Şeýlelikde, 2013-nji ýyl, 2022-nji ýyly hem öz içine alanda, dünýäniň harby çykdajylary 19% artdy diýip, Stokgolmyň alymlary ýazýarlar. Bu hakyky manyda, ýagny inflýasiýa düşündiriş girizmek üçin aýdylýan sanlar. Absolýut sanlardaky ösüş has ýokarydyr.
Russiýa we Ukraina
Ukraina garşy doly möçberdäki uruş başlan Russiýa 2023-nji ýylda, harby hereketleri üçin, dyngysyz pul harçlady. 2023-nji ýylda diňe harby maksatlara, ýagny polisiýany, milli gwardiýany, FSB we beýleki kanun goraýjy edaralary hasaba alman, rus döwleti 54 milliard dollara golaý pul goýdy. Emma Reutersiň awgust aýynda döwlet dokumentine salgylanyp habar berşine görä, aslynda Russiýa bu harajatlary iki esse artdyryp, ony 100 milliard dollara ýetiripdir. Mysal üçin, harby aýlyk haklaryna sarp edilýän çykdajylar iki esse köpelipdir. Netijede, Russiýanyň ähli býujet çykdajylarynyň üçden bir bölegine golaýy urşa harç edilýär.
Bu ýagdaý, bir tarapdan, Russiýanyň ykdysadyýetini san görkezijisi taýdan ýokarlandyrýar. Senagat önümleri tanklaryň we raketalaryň köp öndürilmegi netijesinde artýar. Aslynda bolsa, hünärmenleriň gaýta-gaýta belleýşi ýaly, ol pullar goşmaça girdeji getirmän, diňe ölüm getirip, ukrain topragynda jaýlanýar.
2024-nji ýyl üçin bolsa Russiýa ägirt ýokary harby býujeti kabul etdi, ozalky meýilnama bilen deňeşdirilende, 2,5 esse köpeldilip, 117 milliard dollara çenli ýetirildi. Eger beýleki çykdajylar göz öňünde tutulsa, ähli howpsuzlyk güýçleriniň bahasy 160 milliard dollara barabar bolar. Netijede, üstümizdäki ýylda Russiýanyň harajatlarynyň 40%-e golaýy daşarky we içerki duşmana garşy göreşmek üçin harçlanar. Bu entek howpsuzlyk güýçlerine edilýän dürli sosial tölegler göz öňünde tutulmadyk ýagdaýda şeýle bolar.
Özüni goramaly bolýan Ukraina urşuň birinji ýylynda, diňe öz serişdelerinden, bu maksatlar üçin 44 milliard dollar harçlady. Bu görkeziji olaryň 2021-nji ýyldaky harby çykdajylaryndan, 640% ýa-da 7,5 esse köp. Ondan başga-da, SIPRI-niň maglumatlaryna görä, 30 milliard dollar töweregi, Ukraina beýleki ýurtlardan, harbylara tälim bermek, harby enjamlary çalşyrmak we satyn almak üçin, Günbataryň gönüden-göni maliýe goşantlary görnüşinde aldylar. Emma bu 30 milliarda Ukraina ýardam görnüşinde berlen enjamlar girmeýär. Netijede, 2022-nji ýylda Ukrain döwletiniň harby býujetiniň möçberi azyndan 74 milliard dollara barabar bolup biler.
Takyklanan maglumatlara görä, 2023-nji ýylda Ukraina goranyş we howpsuzlyk üçin, 54,6 milliard dollar sarp etdi. Mundan öň ol çykdajy bir ýarym esse (31,2 milliard dollar) az bolar diýildi. Beýleki döwletleriň hasaplamalardan tapawutlylykda, muňa harby däl, eýsem Içeri işler ministrligi we Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy-da girýär. Geljek ýylda goranyş we howpsuzlyk harajatlary 45,3 milliard dollara golaý bolar. Bu Ukrainanyň 24-nji ýylda sarp etmeli ähli çykdajylarynyň ýarysydyr. Bu möçberiň örän az bölegini halkara kömegi örter.
Günbatar ýurtlary
Amerikalylaryň we ýewropalylaryň hem goranyş býujetleri artdy. ABŞ 2022-nji ýylda harby çykdajylary diňe 0,7% artdyrdy. Emma aslynda Amerikanyň harby çykdajylary 877 milliard dollara barýardy, munuň özi Russiýadan 10 esse köp. Stokgolmyň bilermenleriniň aýtmagyna görä, şol möçberiň 2,3%-i, ýagny 20 milliard dollara golaýy Ukraina harby kömek üçin harçlandy.
2022-nji ýylda harby çykdajylar boýunça ikinji ýerde Hytaý durýar, olar goranmak üçin takmynan 292 milliard dollar ýa-da bütindünýä harby çykdajylarynyň 13%-ini harçlady. Üçünji orny bolsa Russiýa eýeleýär, olaryňky 86,4 milliard dollar bolup, dünýäde goranyş üçin umumy harajatlarynyň 3,9%-ne barabardyr.
Günbatar Ỳewropada harby harajatlara 68,5 milliard dollar harçlan Beýik Britaniýa liderlik edýär. Onuň yzyndan 55,8 milliard harçlan Germaniýa we 53,6 milliard harçlan Fransiýa barýar. Şol bir wagtda, Beýik Britaniýa öz harby çykdajylarynyň 3,7%-niň möçberinde, ýagny 2,5 milliard dollar möçberinde harby kömek etmek bilen ABŞ-dan soň, Ukrainanyň ikinji ýardamçysy boldy. Germaniýa üçünji ýardamçy, 2 milliard dollar, ýagny goranmak býujetiniň 3,6 göterimini goşanda goýdy. Umumylykda, 2022-nji ýylda tutuş Ýewropa, şol sanda Gündogar Ýewropa boýunça hakyky harby çykdajylar 13% artdy.
Görşümiz ýaly, Günbatar dünýäsiniň Ukraina berýän harby kömegi olaryň goranmak üçin niýetlenen serişdeleriniň örän az bölegi bolup durýar. Şunuň bilen bir wagtda, Ýakyn Gündogarda şu ýylyň güýzünde başlanan täze uruş Günbatar, esasan hem ABŞ çykdajylarynyň mümkin bolan täze ugurlaryny beýan etdi. Galyberse-de, harby çykdajylaryň gurluşy uly möçberli global harby çaknyşyk bolan ýagdaýynda, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň öňden bäri muňa garşy durmaga taýýarlyk üçin toplaýandygyny ýazgarmaga mümkinçilik berýär.
Şeýlelikde, ABŞ goranmak boýunça 2023-nji ýyl üçin 858 milliard dollarlyk býujeti kabul eden bolsa, 2024-nji ýyl üçin 886 milliard möçberde meýilleşdirilýär. Ýöne, umuman, bu ABŞ-nyň 2022-nji ýylda harçlan puly bilen deňdir.
Ýewropa, elbetde, bu sanlaryň fonunda örän ýönekeý görünýär. Mysal üçin, Fransiýa 2023-nji ýylda goranyşa "diňe" 44 milliard ýewro sarp etmegi planlaşdyrdy. Emma geçen ýyl bu ýurt harby býujetini yzly-yzyna 6-njy gezek artdyrdy. Germaniýa bolsa NATO-nyň kadalaryna has laýyk bolmagy üçin, geljek ýylda 78 milliard ýewro çykaryp, özüniň daşary we goranyş syýasatynyň täze maksatlaryny amala aşyrmakçy. Bu rus-ukrain urşy başlanandan soň, kansler Olaf Şolzyň beýan eden görkezmesi.
"Graždan ykdysadyýeti üçin betbagtçylyk"
Goranmak senagaty babatdaky dürli ykdysady mekdepleriň garaýyşlaryny öwrenen türk professory Adem Elwereniň belläp geçişi ýaly, ýurtlaryň bu zerurlyklara sarp edýän harajatlary ahyrsoňy olaryň ykdysady ösüşini peseldýär. Galyberse-de, olar bütin dünýäde deňsizligiň artmagyna getirýär. Ondan başga-da, harby býujet medisina we bilim ulgamyny kämilleşdirmekde sazlaşygy bozýar.
Ykdysadyýetiň bir böleginiň uruş ýoluna harçlanmagy Russiýa üçin hem gowy netije bermeýär. Ykdysady ylymlaryň doktory Igor Lipsiziň Azatlyk Radiosy bilen geçirilen interwýuda belleýşi ýaly, Russiýanyň Merkezi bankynyň maglumatlaryna salgylanyp, Orsýetde jemi içerki önüminiň 2024-nji ýylda 0,5-1,5% artmagy göz öňünde tutulýar. "Bu berk durgunlyk, ykdysady ösüş däl" diýip, Lipsiz aýdýar. Ol Wladimir Putiniň Russiýanyň ykdysadyýetiniň uruş we sanksiýalar bilen gowy göreşýändigi baradaky soňky beýanatlaryna şeýle reaksiýa bildirdi. Lipsiziň belleýşi ýaly, aslynda döwlet eýeçiligindäki iri kompaniýalaryň birnäçesi eýýäm hökümetden kömek soraýarlar. Şol sanda dokuz ýylyň içinde ilkinji gezek ýitgä sezewar bolan “Russiýa Poçtasy” hem 2022-nji ýylda 27 milliard rubl zyýana galdy.
Öz gezeginde ykdysady synçy Sergeý Bondarenko köp beýleki bilermenler ýaly, Russiýanyň bütewi içerki önümiň harby-senagat kompleksiniň hasabyna ösýändigine ünsi çekýär. Russiýanyň 2024-nji ýyl üçin harby çykdajylary 2023-nji ýyla garanyňda 70% ýokary bolar. "Biz Sowet Soýuzynyň nusgasynda hereket edip başlaýarys, tutuş ykdysadyýet harby senagaty öndürmegiň ugrunda boldy, 9 ministrlik diňe ýarag öndürýärdi. Diýmek, raýat ykdysadyýetinden harby ykdysadyýete pul geçirilýärdi. Graždan ykdysadyýeti üçin, bu ýagdaý betbagtçylyk bilen gutarýardy". Şeýlelikde, Russiýada 2025-nji ýylda, jaý we jemgyýetçilik hyzmatlary boýunça federal býujet çykdajylary iki esse azaldylar. “Mundan soň näçe tehnogen heläkçiligi bolar? Orsýetiň näçe şäheri ýyladyşdan üzňe, elektriksiz, suwsuz galar, muny öňünden aýtmagam kyn" diýip, Bondarenko gysgaça beýan edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.