Ukrainanyň paýtagty Kiýew sebitine girýän dendroparky, ýagny baglardan döredilen Dobroparkyň territoriýasyny rus goşunlary 2022-nji ýylda, çozuşyň ilkinji günlerinde basyp alypdy. Olar seýilgähi aralyk baza hökmünde peýdalandylar. Seýilgähiň infrastrukturasynyň köp böleginiň basybaljylar yza çekilýänçä, harby güýçler tarapyndan ýok edilendigine garamazdan, häzir Dobroparkda millionlarça çigildem gül açýar. 27-nji aprelde seýilgäh myhmanlara gapylaryny açdy.
2022-nji ýylyň baharynda Ukrainanyň harby güýçleri seresaplyk bilen Kiýewiň günbataryna, rus goşunlarynyň yza çekilýän ugruna tarap süýşýärdiler. Şonda akyla sygmajak görnüş bilen ýüzbe-ýüz boldular. Ukrainanyň iň uly hususy seýilgähi bolan Dobroparkyň territoriýasyny weýrançylyk bilen birlikde, ekzotik ösümlikleriň gülleri örtýärdi.
Dobroparkyň direktory Wiktoriýa Ryžkowa rus goşunlarynyň çozuşyndan soňra, Polşa gitdi. Ol daşary ýurtda wagtynda, seýilgähiň harby razwedka tarapyndan iberen suratlaryny alypdyr. 2022-nji ýylyň aprel aýynda bolan heläkçiligiň suratlaryny görüp, «Bu elhenç» diýip, agyr duýgulary başdan geçirenini ýatlaýar.
Dobroparkyň esasy binasy ýanyp kül bolan zir-zibiller üýşmegine öwrülipdir, töwerekdäki ýerler bolsa ölüm howply ok gyýçaklaryndan dolupdyr. Dobroparkyň müdirligi şol ýerde söweşiň bolmandygyny aýdýar. Ýöne esasy binanyň näme üçin ýok edilendigi belli däl.
Dobropark 2019-njy ýylda oba ýerinde "aýratyn we durnukly ýaşyl zolak" hökmünde döredildi, ol Kiýewiň merkezinden takmynan 40 kilometr günbatarda ýerleşýär. Bu ýerde lawandalar oturdyldy, üç million töweregi çigildem bar, Klod Monetiň liliýa gülleri bilen bezelen howuz kartinasyna çalymdaş köl döredildi. Seýilgäh gysga wagt içinde, Kiýewden bir günlük syýahata gelýänler üçin, meşhur ýere öwrüldi.
2022-nji ýyldaky çozuşlar başlanandan az wagt geçensoň, Kiýew şäherine tarap süýşýän rus harby enjamlarynyň serkerdelerinden biri seýilgähi duralga ýeri hökmünde peýdalandy. 26-njy fewralda Dobroparkyň territoriýasynda meýdan keselhanasy guruldy.
«Bu ýerde 340 sany sowutly tehnika bolupdyr. Seýilgähiň işgärleri üçin gurlan jaýlarda rus soldatlary ýaşap, ýyladyş jaýlarynda suwa düşülýän gurdular» diýip, Ryžkowa tassyklaýar.
Ryžkowanyň aýtmagyna görä, ruslar yza çekilip, seýilgäh Ukrainanyň eline gaýdyp gelmeginden soň, bu meýdany ýaraglardan barlamak üçin, hususy topary gözläp başlaýar. Sapýorlar partlaýjy maddalary gözläp, gül zolaklaryny tutuş hepdeläp arassalaýarlar. Soňra bagbanlar tutuş meýdanda otag işlerini geçirip, meşhur seýilgähi öňki durkuna getirýärler.
Häzir Dobroparkda esasy binanyň bolan ýerindäki töwerek arassalandy. Girelgede duran iki goragçy şiriň heýkeli diklendi. Girelgedäki agaç sütünleriň ýerinde, ýanan kesindiler galypdyr. "Diriligiň dowam edýändigini adamlara görkezmek" üçin, oýun meýdançasynda ýerleşýän çagalaryň karuseliniň dikeldilendigini Ryžkowa gürrüň berýär.
Häzir bu seýilgähde ýaraly bolan ukrain esgerleriniň we uruşdan ejir çeken çagalaryň saglygyny dikeldiş merkezi bar. Olar gülleriň arasynda gezelenç edýärler hem bedenterbiýe bilen meşgullanýarlar. «Biz her dynç günleri harby hassahanalar we psihologlar bilen işleşýäris, ýagdaýy gowulandyrmak üçin, bu örän wajyp» diýip, Ryžkowa aýdýar.
Dobropark 27-nji aprelde – çigildem möwsüminiň başlanmagy bilen myhmanlara gapylaryny açdy. Ýakyn hepdelerde lawanda we liliýa gülleri-de açylmaly.