Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň kiçi bir bölümi Bahmut şäheriniň golaýynda, öňe süýşýän rus goşunlaryna nädip garşy durýar?

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň 93-nji mehanizmleşdirilen brigadasynyň harby gullukçysy 6-njy martda, Bahmut şäheriniň golaýyndaky rus pozisiýalaryna AK-74 ýaragyndan ok atýar.

Artilleriýa we tehnikanyň ýetmezçiligine garamazdan, Ukrainanyň güýçleri takmynan 1200 kilometre uzalyp gidýän frontda, rus goşunlarynyň ilerlemegini gowşatmaga çalyşýarlar.
 

Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň fotohabarçysy Serhiý Nužnenko Bahmutyň etegindäki front liniýasyna baryp, kiçijik bir harby bölüm bilen duşuşdy. Olara rus pozisiýasyny ýok etmek tabşyrylypdyr.

Çalt hereket etmek we ýerini üýtgetmek mümkinçiligi bolansoň, kiçi birlikler ruslar üçin aýratyn howply bolup biler.

Kiçi topar söweş ornuny eýelände, islendik wagt hüjüm edip biljek rus uçarlaryny görmek üçin, asmana üns bermeli bolýarlar.

 

Eger golaýda dron görünmese, harbylar asmana atyjy topy dessine ok bilen üpjün edýärler.




 

Asmana atyjy top bilen Russiýanyň pozisiýalaryna ot açylýar.






 

Harby gullukçy söweş ornuny eýelemezden öňürti asmandaky ýagdaýy synlaýar.

Asmana atyjy top gijeki asmanyň aşagynda.

Ukrainanyň Guryýer güýçleriniň serkerdesi Oleksandr Pawlýuk 6-njy martda, telewideniýede eden çykyşynda, häzir harbylaryň "şu ýyl hüjüme garşy operasiýalary geçirmek" üçin, goşunlaryň täzeden toparlanmagyna mümkinçilik döreder ýaly, frontuň öň hatarynda, durnuklylyk gazanmaga jan çekýändigini aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň fotožurnalisti Serhiý Nužnenko Bahmut şäheriniň golaýyndaky front liniýasyna gidip, Ukrainanyň kiçijik harby bölüminiň rus goşunlarynyň öňe süýşmegini togtadyşy bilen tanyş boldy.