Ukrainanyň energiýa infrastrukturasy 28-nji noýabrda Russiýanyň “uly” hüjümine sezewar boldy diýip, ukrain häkimiýetleri aýtdylar. Paýtagt Kiýewde partlama sesleri eşidildi, Harkowa, Odesa we beýleki sekiz sebite gönükdirilen raketalaryň öňi alyndy.
"Energiýa pudagy ýene-de bir gezek duşmanlaryň uly hüjümine sezewar boldy. Ukrainanyň tas ähli ýerinde energetika desgalaryna hüjüm edilýär" diýip, ýurduň energetika ministri Herman Haluşenko sosial mediada aýtdy.
Urulýan zarbalar milli elektrik ulgamynyň operatory Ukrenerhony "elektrik togunyň berilmegini gyssagly ýagdaýda kesmäge” mejbur etdi diýip, Haluşenko sözüniň üstüni ýetirdi.
Energetiýa üpjünçisi DTEK 28-nji noýabrda Kiýew, Odesa, Dnipro we Donetsk sebitlerinde, adatdan daşary ýagdaýda, elektrik togunyň kesilýändigini aýtdy.
Bu hüjümler howanyň sowap, Ukrainadaky temperaturanyň nol derejesine çenli peselýän wagtyna gabat geldi.
BMG-niň ýokary derejeli resmisi Rosemary DiKarlo şu aýyň başynda Moskwanyň Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyny nyşana almagynyň bu gyşy, üç ýyl töweregi öň başlanan uruşdan bäri, "iň agyr gyş" edip biljekdigini duýdurdy.
Bütin Ukraina boýunça, "Raketa howpy sebäpli", howa hüjümi duýduryşy yglan edildi diýip, harbylar 28-nji noýabrda telegramda paýlaşan habarlarynda aýtdylar.
Harkowdaky häkimiýetler demirgazyk-gündogar sebitiň Kiýew etrabyna üç zarbanyň urlandygyny habar berdiler.
Lutsk şäherinde "ýene partlama sesleri eşidildi" diýip, Ukrainanyň demirgazyk-günbataryndaky şäheriň häkimi Ihor Polişçuk aýtdy. Pidalar ýa-da çekilen zyýan barada bada-bat habar berilmedi.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski goranmak ministri Rüstem Umerowyň 27-nji noýabrda Günorta Koreýada geçiren gepleşikleriniň, Demirgazyk Koreýanyň güýçleriniň Russiýanyň Ukraina garşy söweşine gatnaşmagy bilen baglylykda, Ukrainanyň we Günorta Koreýanyň howpsuzlyk meselesindäki hyzmatdaşlyga gönükdirilendigini aýtdy.
Zelenski Umerowyň Seula öz tabşyrygy bilen, Demirgazyk Koreýanyň urşa gatnaşmagynyň ähli taraplaryny we "öz ýurtlarymyzy goramak we sebitlerimiziň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin bilelikde edip biljek ähli zadymyzy" ara alyp maslahatlaşmak üçin gidendigini aýtdy.
Umerow biraz öň Seulda Günorta Koreýanyň prezidenti Ýun Suk Ýeol bilen howpsuzlygy we durnuklylygy güýçlendirmek üçin bilelikde görülmeli çäreleri ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.
Umerow Günorta Koreýanyň goranmak ministri we milli howpsuzlyk geňeşçisi bilen hem duşuşdy.
“Biz Ukraina bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek zerurlygy baradaky delillerimiziň halklarymyz we sebitlerimiz üçin howpsuzlygyň görnetin güýçlenmegine alyp geljekdigine ynanýarys" diýip, Umerow telegramda aýtdy.
Umerow Demirgazyk Koreýanyň esgerleriniň bu urşa gatnaşýandygy we olaryň Ukrainadaky energiýa infrastrukturasyna edilýän hüjümlere "işjeň" goldaw berýändigi barada hem mesele gozgandygyny aýtdy.
Demirgazyk Koreýanyň esgerleriniň Russiýanyň alyp barýan urşuna gatnaşdyrylmagy Günorta Koreýa üçin çynlakaý howp döredýär, sebäbi olar bu uruşda Seul üçin goşmaça howpsuzlyk kynçylyklaryny döredip biljek söweş tejribesini toplaýar.