Ukrainanyň baş prokurory Andriý Kostin onlarça döwlet işgäriniň maýyplyk boýunça kömek pullaryny talap edip, harby gullukdan gaçalak edendigini ýüze çykaran derňewler netijesinde işinden çekildi.
Russiýanyň çozuşyna garşy iki ýarym ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän söweşiň netijesinde azalan esger sany zerarly, Ukrainada mobilizasiýa örän ynjyk mesele boldy.
Kostin 22-nji oktýabrda, prezident Wolodymyr Zelenskiniň gatnaşmagynda geçirilen Milli howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden soň, telegramda işinden çekiljekdigini mälim etdi. Zelenski Kostin bu ýagdaý üçin "syýasy jogapkärçiligi öz üstüne almaly" diýdi.
"Men prezident Zelenskiniň pozisiýasyny dolulygyna dogry hasaplaýaryn .... Men (şeýle-de), baş prokuror hökmünde wezipämden çekilýändigimi yglan etmegi dogry hasaplaýaryn" diýip, Kostin telegramda aýtdy.
Derňewçiler şu aýyň başynda günbatar Hmelnytskiý sebitinde birnäçe prokuroryň gulluga ýarawsyzlyk rugsadyny galplyk esasynda alyp, aýratyn ýeňilliklere eýe bolandygyny ýüze çykardy.
Bu ugurdaky derňewler Ukrainanyň beýleki ýerlerinde-de dowam edýär.