Ukrainadaky urşuň 36 aýy 36 suratda

Bir aýal 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda, Russiýanyň çozuşynyň ilkinji gününde, Kiýewdäki metro stansitýasynda çagasyny gujaklaýar.

2002-nji ýylyň 1-nji martynda Kiýewiň etegindäki Buça etrabynda asuda adamlar ýok edilen rus bronetehnikasynyň hataryna seredýärler. Birnäçe günden soň, rus harbylary Buçany basyp aldylar, emma bir aýa ýetmän yza çekildiler. Olaryň gitmeginden soň, Buçada harby jenaýatlaryň subutnamalary toplandy.

Buça we Irpinden gaçan asuda ilat, 2022-nji ýylyň 11-nji marty.

Bir aýal, 2022-nji ýylyň 2-nji aprelinde, Çernigow sebitiniň demirgazygyndaky azat edilen şähere girýän ukrain goşunlaryny garşylaýar.

Harby kapellan Aleksandr, 2022-nji ýylyň 24-nji aprelinde, ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Harkow sebitinde ukrain esgerine pata berýär.
Yuriý, ukrain tank mehanigi, 2022-nji ýylyň 11-nji iýuny, Donetsk.
Harkowyň etegindqki Salkowkada weýran edilen ýaşaýyş jaýlary. 2022-nji ýylyň 13-nji sentýabry
Harkow oblastynyň Izýum şäherindäki doganlyk mazarlygynda elleri arkasynda bagly bolan ukran esgeriniň jesedi. 2022-nji ýylyň 16-njy sentýabry.
"Şahed" kysymly dronuň Kýewe amala aşyran hüjüminden soň, halas ediş gulluklary ýangyny södürýärler. 2022-nji ýylyň 17-nji oktýabry
9 ýaşly Sofýa, 2022-nji ýylyň 19-njy noýabrynda, ýurduň gündogaryndaky Lugansk sebitindäki Makeewkadan ýörite howpsuzlyk ýagdaýynda çykarylanda, öz öý jandaryny ellerinde saklaýar.
Ukrain harbylary Donetsk sebitinde, Günbatar ýaranlary tarapyndan üpjün edilen ok-däriler bilen ot açýarlar. 2022-nji ýylyň 23-nji noýabry
Ukrain esgeriniň gana bulaşan gorag keltekçesi. Donetsk sebitindäki Soledar şäheriniň etekleri. 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwary.
Bakhmut şehriniň merkezi, Donetsk sebiti, 2023-nji ýylyň 25-nji fewraly.
Bahmutda ukrain harby gullukçysy. 25-nji fewral, 2023 ý.
Öz pozisiýalary oka tutulýan mahaly ukrain esgeri. Maý, 2023 ý.
Ukrain esgerleri, Bakhmutyň golaýynda rus pozisiýasyna hüjüm edenden soň yzlaryna dolanýarlar. 2023-nji ýylyň maýy.
Ukrain harbysy Donetsk sebitindäki Blağodatnoýe obasynda bolan söweşde zeper çeken jaýyň içinde dur. 2023-nji ýylyň 17-nji iýuny
Işçiler Kiýewdäki "Ene-Watan" ýadygärliginiň monumentiniň galkanynda ukrain trezubes nyşanasyny ornaşdyrýalar. 2023-nji ýylyň 6-njy awgusty. Bu nyşana sowet gerbiniň ýerine goýuldy.
Çerginowyň merkezine urlan howa zarbasynyň netijesi. 19-njy awgust, 2023 ý.
Esger diwaryna, entek uruşdan ozal, bir gyzyň şekli çekilen jaýyň golaýyndan geçip barýar. Donetsk sebitindäki Awdiýiwka şäheri, 2023-nji ýylyň noýabry.
Ukrainanyň minomýot bölüminiň gullukçysy arakesme wagty säheri synlap otyr. Bahmutyň etekleri, 2023 ý.
Ukrain harbylarynyň mümkin rus hüjümlerine gözegçilik edip, asmany synlap duran pursady. Bahmut, 6-njy mart, 2024 ý.
Partlamada zyýan ýeten kafeda barista bolup işleýan gyz. Rus raketasy paýtagtyň merkezine zarba urdy. 25-nji mart, 2024 ý.
Ýangyn söndürijiler Kiýewde Russiýanyň raketasynyň netijesinde harabalyga öwrülen jaýyň galyndylaryny aýyrýarlar. 25-nji mart, 2024 ý.
Awdiýewkayň etegindäki saglyk merkezinde ýaralanan biriniň bedeninden çykarylan ok-däriler. Mart, 2024 ý.
Bir gyz 2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda Donetskiň Pokrowsk şäherinden ewakuasiýa edilýän mahaly maşgalasy bilen hoşlaşyp dur.
Pokrowskyň eteginde ýanyp duran binalar. Sentýabr, 2024 ý.
40 ýaşly ukrain komandiri Artýom, Pokrowsk etegindäki rus pozisiýalaryna atyşa başlamazdan ozal duýduryş buýrugyny berýär. 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabry.
Wepat bolan esger Daniila Lýaşkewiçiň ejesi onuň tabydynyň üstünde aglaýar. Kiýew. 8-nji noýabr, 2024 ý.
Russiýanyň Kiýewe amala aşyran zarbasyndan soň, bir aýal öz itini elinde saklap dur. 20-nji dekabr, 2024 ý.
Bir çagany Kiýewiň zarba urlan sebitden äkidip barýarlar. 20-nji dekabr, 2024 ý.
Kiýewdäki "Lukýanowskaya" metro stansiýasynyň Russiýanyň hüjümi netijesinde zyýan çeken girelgesi. 2025-nji ýylyň 18-nji ýanwary.
Kiýewdäki "Lukýanowskaya" metro stansiýasynyň golaýynda, rus raketasynyň düşen ýerinde emele gelen çukur. 2025-nji ýylyň 18-nji ýanwary
Ýewromaýdan wagty heläk bolanlaryň hatyrasyna geçirilen çäre. Kiýew. 20-nji fewral, 2025 ý.
2013-2014-nji ýyllardaky protestlerde, ukrain halky Russiýa tarapdar bolan prezident Wiktor Ýanukowyçyny häkimiýetden çetleşdirdi. Moskwa munuň yzysüre Krym ýarymadasyny basyp aldy we Donbasa tolgunşyklary başlatdy, we ýaragly çaknyşyklara sebäp boldy. 2022-nji ýylyň fewralynda Russiýa Ukraina garşy doly gerimli hüjüme başlady.