Ukraina urşuň 1000-nji gününi belledi, AÝ/AR Buça gyrgynçylygynyň täze jikme-jikliklerini açýar

Oleksi Pobihaý

Ukrainanyň Russiýanyň başlan giň gerimli çozuşynyň 1000 günlügini bellemegi bilen, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy konfliktiň iň elhenç pursatlarynyň birine - Buçadaky ukrain raýatlarynyň we goragçylarynyň gyrylmagyna has içgin syn etdi.

Bu Ukrainanyň territorial goranyş söweşijisi Oleksi Pobihaýyň hekaýasy, onuň jesedi ruslaryň Buşada taşlanan harby merkeziniň ýerleşen ýerinden tapyldy. Elleri daňlan we kellesinde ok ýarasy bolan Pobihaý Buça gyrgynçylygynda öldürilen ýüzlerçe adamyň arasynda wepat boldy.

2022-nji ýylyň aprelinde, Russiýanyň harby okkupasiýasy wagtynda ýüze çykan wagşyçylyk urşuň we rus güýçleriniň amala aşyran rehimsiz ganhorlygynyň nyşanyna öwrüldi.

***

Rus goşunlarynyň Buçada ýüzlerçe ukrain raýatyny okdan geçirýän wagtynda amala aşyrylan bir ganhorlyk kiçijik kofe dükanyna gönükdirilen uly gözleg, agtaryş işlerinden, bir adamyň gözlenmeginden başlandy.

Oleksi Pobihaý

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň täze dokumental filmi ýaşaýan jaýynyň daşy sowutly ulaglar we üsti esgerden doly ýük ulaglary bilen gurşalan dükançynyň, kän tanalmaýan Oleksi Pobihaýyň ömrüni we ölümini özünde jemleýän detallary bir ýere jemledi.

"Ol ýerde wagtal-wagtal "arassalaýyş operasiýalary" geçirilýärdi, ýöne bir ýerde bir ýere jemlenen beýle köp enjam entek bolmandy" diýip, operasiýa şaýat bolan ýaşaýjy aýtdy.

Beýleki bir erkek, harby dindar Anatoliý Kuşnirçuk "Rus faşistleri Oleksi ýaly adamlary ýigrenýärdi. Olar bu hili adamlary gözleýärdi" diýdi.

Pobihaý Buçada önüp-ösüpdi, ýaşaýan jaýynda, öýünde öz işini açmazyndan öň restoranlarda işleýärdi.

Ol 2014-nji ýylda, rus goldawyndaky separatistler gündogar Ukrainada ýaragly gozgalaňa başlanyndan soň, olara garşy söweşýän ukrain güýçlerine kömek, ýardam ýygnamak işlerinde meýletinçi boldy.

Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda öz giň gerimli çozuşyna başlanynda bolsa, Pobihaý ýerli territorial goranyş bölümine goşuldy we birinji we soňky gezek Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy tarapyndan ýazgy edildi.

Bu häzir ilkinji gezek çap edilen täsirli söhbetdeşlik. Pobihaýyň ýaragy we harby kaskasy bar, ýöne ol esgere o diýen meňzemeýär. Possujak ýaňakly, äýnekleriniň aňyrsyndan çiňerilip, ol "Men güýçli adam!" diýip gülýär.

Kuşnirçuk soňra Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Pobihaýyň ýaragyna ok salnyp-salynmandygyny hem bilmeýändigini, onuň ýaragy "nädip atmalydygyny hem bilmeýän bolmagynyň ähtimaldygyny” aýtdy.

Bu Pobihaýyň rus goşunlary tarapyndan nyşana alynjaga meňzemeýändigini aňladýar.

Zalymlyk

Pobihaýyň rus okkupasiýasy mahalynda ukrain güýçleri bilen gizlin işlemegini dowam etdirip-etdirmändigini anyklamak indi mümkin däl. Ol rehimsiz basyp ýatyryşlar wagtynda tussag edildi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň filminde ozalky harby ýa-da aktiwist geçmişi sebäpli tussag edilen we atylan, şeýle-de rus esgerleri çem geleni seljermän oka tutýan wagtynda öldürilen adamlar bilen bagly köp ýagdaý, şol sanda türkmen raýatynyň hem suraty görkezilýär.

Rus güýçleriniň köçelerde adamlary bir ýere toplaýşyny görkezýän iniňi düýrükdiriji CCTV şekilleri bar. Tutulan telefon gürrüňlerinde rus esgerleri yzda galan maşgala agzalaryna parahat adamlary öldürmek barada buýruk berlendigini aýdýarlar.

Rus goşunlary Buçadan yza çekilenlerinde, onuň köçelerinde bir topar jeset bilen kagyz resminamalaryny hem seçip gitdiler.

Ýerli ýaşaýjy taşlanyp gidilen ýerkümleriň birinde Pobihaýyň tussag edilişiniň jikme-jikliklerini görkezýän harby resminama tapdy. Bu resminamany Russiýanyň Sibiriň Kemerowo şäherinde ýerleşýän milli gwardiýasynyň Kuzbas bölümi taýýarlapdyr.

Bu bölümiň 76-njy howa hüjümi bölümi bilen, Buçadaky basyp alyş wagtyndaky çäreler doly gatnaşan güýçler bilen işleýändigini görkezýän resminama subutnamalary hem bar.

Pobihaýyň jesedi bu harby bölümiň merkeziniň ýerleşen tokaýynda, elleri daňlan we kellesinden ok geçen ýagdaýda tapyldy. DNK synaglary onuň şahsyýetini tassyk etdi.

Buça azat edileninden alty aý soň, polisiýanyň düşüren açyş wideosynda bir ofiser Pobihaýyň äýnegini kameranyň öňünde tutup saklaýar. Ol palçyga bulanypdyr, ýöne derrew kime degişlidigini bilip bolýar.

Buçada rus goşunlary tarapyndan tutulan we atylan parahat adamlaryň arasynda türkmen raýaty Ahmet Açylowyň hem ady gelýär we suraty görkezilýär.