Ukraina Russiýanyň Kiýewe eden soňky dron hüjümleriniň şu aýyň dowamynda bäşinji hüjüm bolandygyny aýdýar

Kivew gözleg çyralary bilen asmandaky rus dronlaryny agtarýar.

Ukrain paýtagtynyň harby administrasiýasy Russiýanyň 9-njy sentýabra geçilen gije paýtagta amala aşyran dron hüjümleriniň şu aýyň dowamynda Kiýewe edilen bäşinji howa hüjümleri bolandygyny aýtdy.

Paýtagt resmisi Serhiý Popko hüjümde Eýranda ýasalan “Şahed” dronlarynyň urlup ýykylandygyny aýtdy.

“Sentýabryň başyndan bäri Kiýewe edilen bäşinji howa hüjümi” diýip, Popko aýtdy.

Deslapky maglumatlara görä, şähere edilen hüjümde adam ýitgisi ýa-da zyýan çekme bolmady.

Bu aralykda, resmiler Dnipropetrowsk sebitiniň Nikopol şäherçesine edilen gijeki hüjümde 16 ýaşly gyzyň heläk bolandygyny we başga-da üç adamyň şikes alandygyny aýtdylar.

Dnipropetrowsk sebitiniň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Lysak gyssagly kömek gulluklarynyň bu gyzy ýykylan binanyň harabaçylygyndan çekip çykarandyklaryny, ýöne ony halas edip bilmändiklerini aýtdy.